“Türkmenistanyň Hronikasynyň” habarçylary ýurduň bazarlaryndaky azyk bahalarynyň ýokarlanyşyna syn etmegi dowam etdirýärler. 2017-nji ýylyň noýabrynda bahalara eden synymyzy şu ýerden görüp bilersiňiz.
Ýanwardan bäri döwlet dükanlarynda 1 litr möçberindäki çüýşede satylýan “Ahal” ýaglarynyň bahasy 3,4 bolanlygyndan 5,2 manada çenli ýokarlandy. Gymmatlandygyna garamazdan, pagta çigidinden alynýan ýag dükanlaryň köpüsinde satylmaýar. Ýanwaryň başynda “Jennet” bazarynda ol ýagyň 1 litrini 4 manatdan satdylar.
“Akpamyk” we “Türkmenabat” markaly arassalanmadyk ýag 4 manatdan satylýar, ýaňy-ýakynda hem onuň 1 litriniň bahasy 2,8 manatdy.
“Türkmenistanyň Hronikasynyň” habarçylarynyň habar bermeklerine görä, dükanlaryň köpüsinde, hususy we uly bolmadyk döwlet dükanlarynda tapawudy ýok, çüýşeli ýaglara baha ýarlygyny goýmaýarlar, sebäbi onuň bahasy hemişe ýokarlanyp durýar.
Şeker barada aýdylanda, Aşgabatda onuň kilogramy 5 manatdan, Daşoguzda kilogramy 6 manatdan satylýar. Paýtagtda häzirlikçe kilogramyny 3,4 manatdan alyp bolýan aşy we makaronlaryň kilogramy Daşoguzda 4,65 manada durýar.
“Berkarar” söwda merkezinde bir gap “Ahmat” çaýy (20 atym paketi) 40 manada durýar, iýunda onuň bahasy 7 manatdy.
Towuk ýumurtgasynyň bahasy ozalky derejesine çenli aşak düşdi — biri 33 teňňe ýa-da 30 sany ýumurtgadan ybarat bir gapyrjagy 9,9 manat.
Ýatladýarys, Türkmenistanda bir aý ozal towuk ýumurtgasynyň gytçylygy döredi we her ýumurtganyň bahasy 60-80 teňňä çenli gymmatlady.