Türkmenistanda öndürilýän akkumulýatorlar daşary ýurtlara eksport edilýär

Türkmenistanda öndürilýän akkumulýatorlar daşary ýurtlara eksport edilýär

Kökçi hojalyk jemgyýetinde şu ýylyň başyndan bäri akkumulýatorlaryň 15 810 sanysy öndürilip, zähmet üstünligi gazanyldy. Bu Türkmen gündogary gazeti tarapyndan habar berildi.

Habarda bellenilişi ýaly, hojalyk jemgyýetinde Türkmenabadyň S.A.Nyýazow adyndaky himiýa zawody bilen hyzmatdaşlykda awtoulaglar üçin niýetlenilen Kuwwat, Ýyldyrym, TM Power kysymly akkumulýatorlaryň birnäçe görnüşi öndürilýär.

Önümler ýurduň içinde hem, daşynda hem uly islegden peýdalanýar. Öndürilýän önümiň bir bölegi Azerbaýjana, Ermenistana, Gyrgyzystana, Täjigistana we Owganystana eksport edilýär. Şu ýylyň geçen iki aýynda olaryň 6 müň 400 sanysy daşary ýurtlara eksport edildi. Geçen ýyl bolsa jemi öndürilen 76 müň 682 akkumulýatoryň 24 müň 784 sanysy daşary ýurtlara iberildi diýlip, habarda bellenilýär.

Ýene degişli makalalar

“Kökçi” 25 müňe golaý akkumulýatory eksport etdi
Astana diplomatik kluby türkmen kompaniýalaryny Gazagystanyň 2024-nji ýyldaky iri sergilerine çagyrýar
Özbaşdak hereket edýän traktor, tok bilen işleýär
“Ýaşyl” ammiak import eder
Kaliforniýaly lotereýada 2 milliard dollar utdy
1,9 milliard dollarlyk lotoreýa