Türkmenistanda öndürilen önümleriň eksport edilen möçberi $11,4 milliarda deň boldy

Türkmenistanda öndürilen önümleriň eksport edilen möçberi $11,4 milliarda deň boldy

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow anna güni geçiren Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde 2023-nji ýylda ýurtda öndürilen önümleriň eksport edilen möçberiniň 11,4 milliard ABŞ dollaryna barabar bolandygyny aýtdy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Türkmenistanyň döwlet Baştutany geçen ýyl jemi içerki önümiň ösüşiniň 6,3 göterim, şol sanda senagatda 4,3 göterim, söwdada 12,8 göterim, oba hojalygynda bolsa 4,4 göterim bolandygyny belledi.

Habarda bellenilişi ýaly, hasabat döwründe jemi 12 müň 274 sany täze iş orny döredildi. Geçen ýyl maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna 78 sany önümçilik we medeni-durmuş maksatly desga, umumy meýdany 1 million 897 müň inedördül metre deň bolan ýaşaýyş jaýlary ulanmaga berildi.

Şeýle hem Türkmenistanyň Prezidenti şu ýylyň “Türkmenistany 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasyna” laýyklykda, umumy meýdany 430 müň inedördül metr bolan ýaşaýyş jaýlaryny, 5360 orunlyk umumybilim edaralaryny, 1200 orunlyk mekdebe çenli çagalar edaralaryny gurup ulanmaga bermegiň meýilleşdirilýändigini belledi.

Türkmenistanyň döwlet Baştutanynyň aýtmagyna görä, şu ýyl Aşgabat şäherinde bir gije-gündizde 150 müň kub metr agyz suwuny arassalaýjy desga, “Dokmaçylar” medeni merkezi, Magtymguly Pyragynyň täze ýadygärligi we medeni-seýilgäh toplumy, “Parahat — 7” ýaşaýyş toplumynda 13 sany döwrebap ýaşaýyş jaýy, Halkara sagaldyş-dikeldiş hem-de Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki merkezleri, Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynda sement zawodynyň ikinji tapgyry, Ak bugdaý etrabynyň Öňaldy, Kaka etrabynyň Gowşut geňeşliklerinde täze, döwrebap obalar, Balkan welaýatynda Garabogazköl aýlagynyň üstünden geçýän awtomobil köprüsi, Jebel şäherçesinde Halkara howa menzili toplumy, Lebap welaýatynyň Köýtendag etrabynda sement zawodynyň ikinji tapgyry, Mary şäherinde Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň täze edara binasy gurlup ulanmaga tabşyrylar. Şeýle hem Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Tejen — Mary bölegi işe giriziler.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde ýurduň ykdysadyýetiniň pudaklarynda 2023-nji ýylda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi, wise-premýerleriň, käbir ministrlikleriň ýolbaşçylarynyň, welaýatlaryň häkimleriniň hasabatlary diňlenildi.

Ýene degişli makalalar

Gurýan döwlet gurpludyr
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisindäki çykyşy
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi
TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ MEJLISI
Tüтrkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory sebitlerde alnyp barylýan işler bilen tanyşdy