Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda degişli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda pudagara iş topary döredildi.Häzirki wagtda bu topar tarapyndan Türkmenistanda öndürildi milli haryt nyşanynyň şekili hem-de milli haryt nyşany baradaky Düzgünnamanyň taslamasy işlenilip taýýarlanyldy.
Watan habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, bu barada şu gün 26-njy ýanwarda sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer B.Atdaýewiň Türkmenistanda öndürildi milli haryt nyşanynyň şekilini taýýarlamak boýunça görülýän çäreler baradaky hasabatynda aýdyldy.
Hasabatda bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň 2021 2030-njy ýyllar üçin daşary söwda Strategiýasyna hem-de Türkmenistanyň sergileri, ýarmarkalary we maslahatlary guramak işini 2020 2025-nji ýyllarda ösdürmegiň Strategiýasyna laýyklykda, ýurduň önümlerini dünýä bazarlarynda giňden tanatmak boýunça göz öňünde tutulan çäreleri ýerine ýetirmek babatda degişli işler alnyp barylýar.
Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, elektron söwdany guramakda hem-de harytlary sargyt etmekde, önümleri taýýarlamakda we ýerlemekde sanly ulgamy ornaşdyrmagy dowam etmegiň zerurdygyny nygtady. Şeýle hem Türkmenistanda öndürildi milli nyşany boýunça öndürilýän önümleriň möçberlerini we görnüşlerini has-da artdyrmak babatda degişli işleri geçirmegiň möhümdigi bellenildi.
Döwlet Baştutany ýurtda öndürilýän ýokary hilli azyk we dokma önümlerini daşarky sarp edijilere giňden ýaýmakda mahabat işlerini yzygiderli guramagyň, Türkmenistanyň daşary ýurtlarda ýerleşýän Söwda öýleriniň işini has-da kämilleşdirmegiň möhümdigine ünsi çekip, bu babatda wise-premýer B.Atdaýewe birnäçe tabşyryklary berdi.