Türkmenistanda oba hojalygynda ulanylýan biotehnologiýalar boýunça halkara maslahat geçirildi

Türkmenistanda oba hojalygynda ulanylýan biotehnologiýalar boýunça halkara maslahat geçirildi

19-njy dekabrda Türkmen oba hojalyk institutynda Oba hojalyk pudagynyň durnukly ösüşinde biotenologiýalaryň orny atly sanly ulgam arkaly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi. Oňa 14 sany döwletden 84 sany ýokary okuw mekdebiň we ylmy merkezleriň wekilleri gatnaşdylar.

Maslahatyň umumy mejlisini Türkmen oba hojalyk institutynyň rektory D.Ýolow gutlag sözi bilen açyp berdi. Soňra halkara maslahatda Russiýa Federasiýasyndan, Özbegistan, Gazagystan, Belarus, Täjigistan, Gyrgyz, Moldowa Respublikalaryndan hem-de Pakistan Yslam Respublikasyndan alymlar çykyş etdiler.

Maslahat oba hojalygyndaky häzirki zaman biotehnologiýalaryň ähli ugurlaryny öz içine alýan Gen inženerçiligi we oba hojalyk ekinleriniň seleksiýasy, Maldarçylykda biotehnologiýalar, Biopestisidler we biodökünler, Bioremediasiýa we ekologiki durnuklylyk, Oba hojalyk biotehnologiýasynda bilim we mümkinçilikleri artdyrmak ýaly bäş sany esasy ugurda guraldy.

Çäräniň çäginde oba hojalygy toplumyndaky ylmy gözlegleriň netijelerine bagyşlanylan sergi hem guraldy. Maslahatyň dowamynda jemi 260 sany işler diňlenilip, edilen çykyşlaryň içinde iň tapawutlylary aýratyn bellenildi we halkara ylmy-amaly maslahatyň jemleýji bölüminde yglan edildi.

Ýene degişli makalalar

Howpsuzlyk edaralary raýatlary pasportlaşdyryş işlerine degişli çäklendirmeleriň gerimini giňeldýär
Alymlar Afrikanyň ýolbarslarynyň we pilleriniň haýsy ýyrtyjydan gorkýandyklaryny anykladylar
Türkmenistanda pasport nobaty birinji gezek tas iki ýyla uzady
Gara şokoladyň horlanmak üçin peýdalydygy belli boldy
Ali Şir Nowaýy
Biometriki pasport üçin berilýän arzalarda daşary ýurtda bilim alýan talyplar öňdeligi düzýär