Türkmenistanda nyrhlar ýokarlandy, azyk gymmatlady

Türkmenistanda nyrhlar ýokarlandy, azyk gymmatlady

Türkmenistanda azyk harytlary ýene-de gymmatlady. Azatlyk Radiosynyň habarçylarynyň maglumatlaryna görä, harytlaryň bahasynyň ýokarlanmagy, hususan-da paýtagtyň bazarlarynda esli duýulýar.

Gymmatlan harytlaryň arasynda et we gök önümler. Aşgabadyň Teke bazarynda we "Gülüstan" bazarynda süňkli etiň bahasy 80 manada ýetdi, çylka et 100 manatdan bahalanýar diýip, paýtagtdaky habarçymyz 9-njy aprelde habar berýär.

"Kilogramy 80 manatdan satylýany süňkli et. Sygyr etiniň çylkasy bir kilogramy 100 manada çenli ýokarlandy" diýip, Aşgabadyň bazarlaryndaky bahalary öwrenen habarçymyz belleýär.

Etiň şu günki bahalary bu önümiň bir aýda azyndan 15% gymmatlandygyny görkezýär. 100 manat Merkezi Bankyň kursy boýunça 28,5 amerikan dollaryna barabar.

Azatlyk bilen söhbetdeş bolan satyjylar we telekeçiler bazarlarda satylýan harytlaryň bahalaryny üýtgewsiz saklamak boýunça resmi görkezmäniň bardygyny aýdýarlar. Emma olar, şeýle-de bolsa, görkezilen nyrhlary saklamagyň iş ýüzünde mümkin däldigini belläp, meselem etiň satuw nyrhy diýlip görkezilýän bahasynyň telekeçileriň lomaý satyn alýan nyrhyndan arzan bolup çykýandygyny gürrüň berýärler.

"Türkmenistanyň söwda we daşary aragatnaşygy ministriniň ýokardan beren görkezmesi esasynda bazar administrasiýasy satyjylara et we et önümleri bölüminde satylýan etiň bir kilogramyny 65 manatdan gymmat satmagy gadagan edýän hem bolsa, satyjylar nyrhy ýokarlandyrmaly bolýarlar. Olar özleri 70 manatdan lomaý satyn alýan iri malyň etini öz zyýanyna 65 manatdan satyp bilmeýärler" diýip, paýtagtly bazar satyjysy aýdýar.

Anonimlik şertinde gürrüňdeş bolan telekeçiler bazar administrasiýasynyň "biziňki duýdurmak, galanyny özüňiz jogap berersiňiz diýip, satyjylara tabşyrýandygyny aýtdylar.

Goşa nyrhlarHabarçymyzyň bellemegine görä, şu sebäpden paýtagtyň bazarlarynda goşa nyrhlary görmek mümkin, ýagny harydyň ýüzünde bir baha ýazylýar, emma ol has ýokary nyrhdan satylýar.

"Satyjylar bu ýagdaýdan çykalga edip, meselem iri malyň etiniň süňkli bölekleriniň bir kilogramy 65 manat diýlip, görkezilen ýazgylary goýýarlar. Emma bu süňkli etiň ýanynda eti köpräk süňkli bölekler goýulýar, ýöne ony şol bahadan satyn alyp bolmaýar. Şol bahadan alyja süňk hödürlenip, bahanyň ýanynda goýlan et 80-85 manatdan hödürlenýär" diýip, habarçymyz paýtagtyň bazarlaryndaky ýagdaýy suratlandyrdy.

Etiň bahasy şu ýylyň başyndan bäri üýtgäp durýar. Ýanwar aýynda birden göterilen bahalar, soň ýene-de aşaklap, etiň bir kilogramy 65 manada ýetdi. Remezan aýynyň öňüsyrasynda sygyr eti ýene-de gymmatlap, etiň bir kilogramy hiline görä 75 - 85 manada ýetipdir.

Etiň nyrhyna degişli bu ýagdaýdan hem söwdagärler, hem-de alyjylar nägile bolýarlar.

"Hökümet ýokardan görkezme berende ony et öndürijiniň we satyjynyň ýagdaýy gyzyklandyrmaýar. Resmiler ýüze çykýan meseleleriň aňsat çözgüdini saýlap alýarlar. Ýagdaýy öwrenmän, bazar satyjylaryndan etiň bahasyny arzan satmagy talap etmek bilen çäklenýärler" diýip, paýtagtly telekeçi aýdýar.

Satyjylaryň nyrhyna razy bolýan alyjylar tapylýar, razy bolmadyklar öwrülip gitmeli bolýar. Habarçymyz bazarlarda söwda edip bilýän hojalyklaryň barha azalýandygyny belleýär.

"Elbetde gymmatlan bahadan elin mal etini satyn almaga gurby çatýan hojalyklar örän az. Elbetde paýtagtyň ilatynyň sany köp we bazardan sygyr etini satyn alýan gurply hojalyklar tapylýar. Emma mümkinçiligi bolmadyk hojalyklar örän kän. Ilat köpçüligi doňdurylan towuk budyny satyn alyp oňýar" diýip, habarçy belledi.

Nädip oňuşmaly?Azatlygyň paýtagtdaky habarçylarynyň bellemegine görä, eti düýpden satyn alyp bilmeýän hojalyklar köp, emma azygyň dürli görnüşleriniň, şol sanda un önümleriniň we gök önümleriň gymmatlamagy ilatyň ýagdaýyny agyrlaşdyrýar.

"Has hor hojalyklar makaron, wermişel we ýarma bulamak edip iýmeli bolýarlar. Gök önümler hem häzir bazarda öran gymmat" diýip, habarçy Aşgabadyň bazarlarynda miwe we gök önümleriň soňky aýda 20% çemesi gymmatlandygyny belledi.

Bazarlardaky nyrhlara görä, kartoşkanyň bir kilogramy 10 manat bolup, bu resmi kursdan 2,8 amerikan dollaryna barabar, düýp sogan 4,5 manat, ýagny 1,3 amerikan dollaryna, bir ýumurtga 1,5 manat ýagny 0,4 amerikan dollaryna barabar.

Resmi maglumatlara görä, Türkmenistanda 2025-nji ýylyň başyndan bäri iň pes aýlyk 1410 manat we pensiýalaryň iň pes möçberini hasaplamagyň binýatlyk ululygy 550 manat möçberde kesgitlendi. Emma aýlygy has ujypsyz we pensiýasy 300 manatdan geçmeýän raýatlar hem bar. Ýurtda işsizleriň sany barada resmi statistika çap edilmeýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Aşgabatda ýeňillikli bahadan satuwa çykarylan towugyň dörtden bir bölegini buz emele getirýär
Häkimiýetler nägile raýatlardan nägile bolýar
Türkmenistanyň welaýatlarynda täze metjitler açyldy
Türkmenistanyň sebitlerinde täze metjitler açyldy
Zyýat Hil Oraza baýramy üçin konditer önümleriniň dürli görnüşlerini hödürleýär
GARAŞSYZ, HEMIŞELIK BITARAP TÜRKMENISTANYŇ HALKYNA