Türkmenistanda noýabr aýynda Gorkut ata atly halkara kinofestiwal geçiriler

Türkmenistanda noýabr aýynda Gorkut ata atly halkara kinofestiwal geçiriler

Türkmenistanyň Prezidentiniň 2023-nji ýylyň 4-nji ýanwarynda çykaran Karary bilen tassyklanan Meýilnama laýyklykda, şu ýylyň noýabr aýynda ýurtda Gorkut ata atly halkara kinofestiwaly geçirmek meýilleşdirilýär. Watan habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, şu gün, 19-njy iýulda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde wise-premýer M.Mämmedowa bu halkara çäräni geçirmegiň guramaçylyk meseleleri barada döwlet Baştutanyna hasabat berdi.

Hasabatda bellenilişi ýaly, bu döredijilik çäresiniň çäklerinde TÜRKSOÝ halkara guramasynyň Baş sekretarynyň gatnaşmagynda Türki döwletleriň kinematografiýa ulgamynyň ýolbaşçylarynyň maslahatyny geçirmek, Aşgabadyň kinoteatrlarynda we kinokonsert merkezlerinde festiwala gatnaşýan ýurtlaryň kinofilmleriniň görkezilişini guramak, daşary ýurtly meşhur kinoaktýorlar we režissýorlar bilen ussatlyk sapaklaryny geçirmek göz öňünde tutulýar.

Kinofestiwala gatnaşýan daşary ýurtly myhmanlaryň Arkadag şäherine, Seýit Jemaleddin binagärlik toplumyna, 2024-nji ýylda Türki dünýäsiniň medeni paýtagty diýlip yglan edilen Änew şäherindäki Milli Ak bugdaý muzeýine, Halkara ahalteke atçylyk toplumyna baryp görmekleri hem-de Galkynyş milli at üstündäki oýunlar toparynyň çykyşlaryna tomaşa etmekleri meýilleşdirilýär.

Halkara kinofestiwala daşary ýurtly myhmanlaryň guramaçylykly gatnaşmaklaryny üpjün etmek maksady bilen, döredijilik forumyny şu ýylyň 4-5-nji noýabrynda geçirmek baradaky teklip döwlet Baştutanynyň garamagyna hödürlenildi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Änew şäheriniň 2024-nji ýylda Türki dünýäsiniň medeni paýtagty diýlip yglan edilmegi mynasybetli ýurtda köp sanly çäreleriň ýokary derejede geçirilýändigini belledi.

Döwlet Baştutany Türkmenistanda Gorkut ata atly halkara kinofestiwaly geçirmek baradaky teklibi goldap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Ýene degişli makalalar

Ýurdumyzda “Gorkut ata” atly halkara kinofestiwal geçiriler
Türkmen filmleri halkara kinofestiwalyň baýraklaryna mynasyp boldy
6-njy maý Türkmenistanyň esasy habarlary
Türkmenistan we TÜRKSOÝ hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem berkitmegi maksat edinýärler
Türkmenistan we TÜRKSOÝ hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem berkitmegi maksat edinýärler
Türkmenistan we TÜRKSOÝ medeni hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşdylar