Türkemnistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 20-nji martda iş kesilen raýatlaryň 2028-siniň günäsini geçmek baradaky karara gol çekdi diýip, TDH habar berýär.
Döwlet baştutany baş prokuror Batyr Atdaýewe (suratda) günäsi geçilen adamlaryň ählisini ýakyn wagtda tussaglykdan boşatmagy, welaýat, etrap, şäher häkimlerine bolsa olary iş bilen üpjün etmegi tabşyrdy.
“Turkmen.news” neşiriniň maglumatyna görä, Baýramaly şäherindäki berk düzgünli MR-K/16 koloniýasyndan 390 adam, Tejendäki berk düzgünli AH-K/6 türmesinden 51 tussag azatlyga çykdy.
“Redaksiýanyň çeşmeleri azatlyga çykanlaryň esasan adam öldürip iş kesilenler we sud tarapyndan maliýe günäsi ýüklenen adamlar bolandygyny anykladylar” diýip, neşir habar berýär.