Türkmenistanda nebiti gaýtadan işleýän zawodlar kämilleşdiriler

Türkmenistanda nebiti gaýtadan işleýän zawodlar kämilleşdiriler

Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň we Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň ösüşiniň konseptual strategiýasy üçin tehniki-ykdysady esaslandyrma taýýarlanylar.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Şahym Abdrahmanow anna güni geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisiniň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa nebiti gaýtadan işleýän senagaty kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Wise-premýer daşary ýurt kompaniýalarynyň gatnaşmagynda geçirilen degişli halkara bäsleşigiň netijeleri barada hem maglumat berildi.

Işlenilip taýýarlanylýan tehniki-ykdysady esaslandyrma laýyklykda, TNGIZT-nyň hem-de Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň mümkinçiliklerini we ösüşiniň geljekki ugurlaryny kesgitlemek, hereket edýän tehnologik desgalary kämilleşdirmek meýilleşdirilýär. Şeýle hem, dünýä bazarynyň nebit, nebithimiýa önümleriniň görnüşlerine bolan isleglerine hem-de çig mal gorlarynyň ýagdaýyna görä täze gurulmaly desgalary anyklamak, öndürilýän önümleriň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak, nebiti gaýtadan işlemegiň çuňlugyny ýokarlandyrmak we ekologiýa taýdan arassa, galyndysyz önümçiligi döretmek göz öňünde tutulýar.

Milli Liderimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda diwersifikasiýalaşdyrmak, maýa goýumlary çekmek, ygtybarly daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen gatnaşyklary giňeltmek arkaly ýangyç-energetika toplumynyň ösdürilmegine uly üns berilýändigini belledi.

Döwlet Baştutanymyz ýokary hilli, ekologiýa taýdan arassa önümleriň görnüşlerini giňeltmekde häzirki zaman tehnologiýalaryny işjeň ulanmagyň möhümdigi barada aýdyp, wise-premýere bu ugurda toplumlaýyn işleri dowam etmegi tabşyrdy.

TNGIZT Türkmenistanyň iň iri kärhanasy bolup, öz göwrümi boýunça nebiti gaýtadan işleýän öňdebaryjy konsernlere gabat gelýär. TNGIZT-iň düzümine iki zawod, köpsanly nebit bazalary we ýangyç guýujy beketleri girýär.

Geçen ýyl TNGIZT-da polipropilen örtüginiň ak sadap görnüşiniň, Jet A-1 kysymly uçar ýangyjynyň we A-98 kysymly awtoulag benzininiň önümçiligine başlady.

Ýene degişli makalalar

TNGIZ 218 müň tonna kerosin öndürdi
Türkmenistanda 2021-nji ýylda 83,7 milliard kubmetrden gowrak tebigy gaz öndürildi
Hyundai Engineering Aşgabatda geçiriljek OGT 2024 nebit-gaz forumynyň kümüş hyzmatdaşy boldy
TNGIZT ýanwar-noýabr aýlarynda 4,48 milliondan gowrak nebiti gaýtadan işledi
Futzal, Naýbaşy liga: Deňizçi bassyr ikinji gezek Türkmenistanyň çempiony boldy
TNGIZT AI-98 awtomobil benzininiň senagat önümçiligine başlady