
Geçen ýyl Türkmenistanda nebit önümleriniň täze birnäçe görnüşiniň önümçiligine girişildi.
Bu barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde geçen ýylda sadap hem-de alýumin çaýylan polipropilen örtüginiň, Jet A-1 kysymly uçar kerosininiň, “Turkmenoil Advance 5W-40” görnüşli ýarym sintetiki çalgy ýagynyň, gämi ýangyjynyň, alkilat benzinleriniň ýokary oktanly komponentiniň, Euro-6 standartlaryň kadalaryna laýyk gelýän A-98 görnüşli benziniň önümçiliginiň ýola goýlandygy aýdyldy.
Şeýle hem, 2021-nji ýylyň netijeleri boýunça Garaşsyzlyk ýyllary içinde tebigy gazy çykarmakda iň ýokary görkeziji gazanyldy. Ýagny 83 milliard 772,9 million kub metr tebigy gaz çykaryldy.