Türkmenistanda nar hasyly ýygnalyp başlandy

Türkmenistanda nar hasyly ýygnalyp başlandy

Türkmenistanda nar hasylyny ýygnamak işine guramaçylykly girişildi. Ýurduň Magtymguly etrabynda bu ekinler üçin 10 müň gektar bölünip berildi diýip, MIR 24 teleýaýlymy habar berýär.

Däp bolşy ýaly, noýabr aýynyň başynda — naryň ýetişen döwründe bu sebitde tutuş maşgala bolup hasyly isripsiz ýygnamak üçin Sumbar jülgesine gelinýär. Habarda bu ýylky ýetişen nar miweleriniň käbiriniň ýarym kilogramdan hem gowrakdygy aýdylýar.

Daýhanlaryň naryň Tutlygala, Garaköl, Aýdere görnüşleriniň has meşhurdygyny aýdýarlar. Magtymguly etrabynyň subtropiki howasy nar ösdürip ýetişdirmek üçin amatly hasaplanylýar. Bu datly miwe şu ýerde bütin ýurduň, şol sanda Aşgabadyň bazaryna hem ýaýraýar.

Nar witaminlere we mikroelementlere baý, özi-de galyndysyz diýen ýaly miwedir. Onuň hemme zady — güli, eti, şänigi, gabygy halk lukmançylygynda giňden ulanylýar. Naryň suwy derman hasaplanylýar. Ol ýadawlygy aýyrýar we immuniteti ýokarlandyrýar diýip, habarda bellenilýär.

Ýene degişli makalalar

Russiýadan getirilen goňur aýyjyk Aşgabat haýwanat bagynda mesgen tutdy
Gözel Sumbaryň nary
Reňkler sazlaşanda...
22.06.2019 | Balkan welaýatynda geçirilýän Medeniýet hepdeligine gatnaşyjylara
Türkmenistana gelen sil suwlarynyň pidalary belli boldy
Türkmenistanyň käbir obalarynda sil zerarly telefon aragatnaşygy ýok