Türkmenistanda nagt pul ýetmezçiligi dowam edýär. Ýylyň başyndan bäri bankomatlarda ýeterlik puluň ýokdugy sebäpli pensiýa we kömek pullaryny nagtlaşdyrmakda kynçylyk çekýän raýatlar öz hasaplaryndaky puluň belli bir bölegini çykaryp bilen halatynda -da köne we ýyrtyk pul köplenç töleg üçin ýaramaýar. Bu aralykda türkmen manady daşary ýurtlarda elde satylýar.
Şu günler Lebap welaýatyň ähli bankomatlaryndaky kupýuralaryň esli bölegi köne bolup çykýar. Bu ýagdaý ýaşaýjylary örän köseýär.
Türkmenabat şäheriniň merkezi etraplarynyň birinde ýaşaýan pensioner şeýle gürrüň berdi:
"Lebap welaýatynyň durmuş taýdan üpjünçilik edarasynyň bankomatyndan pensiýamy aldym. Bankomat 600 manat pensiýa hakymyň 200 manadyny köne, ýyrtyk kupýuralarda berdi. Olar 20, 10, 5, 50 we 100 manatlyk kupýuralardy. Maýda kupýuralaryň ählisi reňki solan we hapa".
Azatlyk bilen anonimlik şertinde gürleşen pensioneriň sözlerine görä, ol kupýuralary çalyşmak üçin “Halkbanka” barypdyr, emma bankyň kassirleri pul haýsy bankomatda nagtlaşdyrylan bolsa şol banka ýüz tutmalydygy düşündiripdir.
"Kassir meniň bilen gödek gürleşýän mahaly, özi birnäçe ýyrtyk kupýurany abatlama işi bilen meşgullanýardy" diýip türkmenabatly pensioner aýtdy.
Emma pensioneriň bankomatyň eýesi bolan “Türkmenistan" bankyna sapary hem oňyn netije bermändir.
"Men soňra "Türkmenistan" bankynyň kassasyna ýüz tutdym.Olar 'biz kupýuralary çalyşmaýarys.Pensiýa edarasyndaky bankomat biziň garamagymyzda bolsa-da, biz ony täze kupýuralar bilen doldurýarys, köne kupýuralar bize degişli däl' diýip düşündirdiler.
Bankomatlaryň içindäki kupýuralary diňe bankyň işgärleri çalyşyp bilýär ahyry!Ahyrsoňy bankyň işgärleri bilen dawalaşmaly boldum.Olar menden delil hökmünde bankomatdan pensiýamy nagtlaşdyrýan pursadymy görkezýän wideo we bankomatyň seriýa belgisini soradylar" diýip pensioner gürrüň berdi.
Azatlyk Radiosy Türkmenabadyň bank resmilerinden düşündiriş almaga synanyşdy, emma jaňlarymyza hiç kim jogap bermedi.
Dolanyşdaky pullaryň arasynda könesiniň örän köpdügini söwdagärler hem nägilelik bilen aýdýarlar.
Türkmenabat şäheriniň “Gök” bazarynda işleýän satyjy söwda amallary üçin ulanylýan kupýuralaryň hiliniň pesdigini gürrüň berýär:
"50 manat we ondan pes nominally kupýuralaryň ählisi diýen ýaly ýyrtylan, skotçlanan, ýelmelen. 1 we 5 manatlyk kupýuralarda ruçka bilen ýazylan düşnüksiz ýazgylary görmek bolýar. Alyjylara eýýäm gaýtargy bermäge mümkinçiligimiz ýok. Elmydama müşderiden gaýtargysyz tölegi amala aşyrmagyny isleýäris" diýip, satyjy aýdýar.
Türkmenabat şäherinde ýolagçy gatnadýan awtobus sürüjisi bolsa kupýuralaryň hiliniň pesligi sebäpli girdeji gazanmakda kynçylyk çekýändigini gürrüň berdi:
"Teňňeler dolanyşykdan ýitip barýar. Kiçi nominally kupýuralar gaty köne we barysy diýen ýaly ýyrtyk. Awtobusyma münen adamlardan her gezek: 'Gaýtargym ýok, haýyş, teňňe beräýiň' diýip ýalbarýaryn. Emma aglabasynda teňňe tapylmaýar. Berýän kupýuralaryny alar ýaly däl. Netijede olar ýol tölegini tölemän awtobusdan düşýärler" diýip, Türkmenabadyň awtobus sürüjisi gürrüň berdi.
Bu aralykda Türkmenabatda bankomat ýetmezçiligi we olarda nagt pul ýetmezçiligi saklanyp galýar. Şu günler S.A. Nyýazow köçesinde ýerleşýän “Senagat" bankynyň bölüminde uly nobatlary görmek mümkin.
"Bankda 6 sany bankomat bar, emma diňe birine pul goýulýar. Sagat 9:00-dan başlap uly nobatlar döreýär. Gysga wagtyň dowamynda bankomatdaky pullar gutarýar" diýip, 3-nji etrapçanyň ýaşaýjysy aýdýar.
Geçen ýylyň güýzünde şäherdäki banklarda birnäçe bankomatyň aýrylandygyny çeşmeler habar beripdi.
Resmi maglumatlara görä, Lebap welaýatynyň administratiw merkezi bolan Türkmenabat şäherinde 300 müňe golaý adam ýaşaýar. Merkezi Bankyň maglumatyna görä, häzir Lebap welaýatynda 432 sany bankomat bar, tutuş ýurt boýunça bankomatlaryň sany 2131, dekabryň aýagynda 2141 sany bankomat bardy. Merkezi Bankyň resmi maglumatynda bankomatlaryň azalmagynyň sebäpleri görkezilmeýär.
Türkmenistanyň içinde ýyllarboýy manat gytçylygy saklanýarka, türkmen manadyny daşary ýurtlarda arkaýyn satyn alyp bolýar.
Türkmen milli puluny Hytaýda, Gazagystanda, Russiýada, Ukrainada, Ýewropa ýurtlarynda we Türkiýede araçylar hödürleýär.
Azatlygyň habarçysy Gazagystanda türkmen manadynyň söwdasy bilen meşgullanýan türkmenistanly bilen gürleşdi. Ol puly Türkmenistandan ýük ulaglaryň üsti bilen Gazagystana getirýändigini we 1 million türkmen manadyny 60 müň amerikan dollaryna satyn alyp, 68 müň amerikan dollaryna satýandygyny gürrüň berdi.
Azatlyk bilen gürrüňdeş bolan söwdagär hyrydarlarynyň arasynda hytaýly biznesmenleriň we Türkmenistan bilen işleýän iri hytaý kompaniýalarynyň bardygyny aýtdy.
Türkmen manadynyň daşary ýurtlardaky söwdasyna degişli maglumatlar sosial ulgamlarda hem peýda bolýar. Sosial torlaryň birinde çap edilen 4 minutlyk wideoda ýapyk ambarda ençeme gutularda saklanýan 100 manatlyk kupýuralar görkezilýär. Degişli postda manatlaryň Russiýada bolup, olary Eýran-Türkmenistan serhediniň bitarap zolagynda çalyşmak üçin taýyn edilendigi aç-açan aýdylýar.
Türkmen manadynyň daşary ýurtlarda resmi bolmadyk görnüşde satylmagyna degişli maglumatlar soňky birnäçe ýylda wagtal-wagtal ýüze çykýar. Emma Türkmen häkimiýetlerinden bu maglumatlar barada resmi teswir bolmady.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.