Türkmenistanda nagt däl pul dolanyşygy ýarym ýylda 9,89 milliard manatdan geçdi

Türkmenistanda nagt däl pul dolanyşygy ýarym ýylda 9,89 milliard manatdan geçdi

2023-nji ýylyň ýanwar—iýul aýlarynda Türkmenistanda bank kartlary boýunça nagt däl pul dolanyşygynyň umumy möçberi 9 milliard 893,22 million manatdan geçdi diýip, Bank habarlary elektron neşirinde habar berildi.

Hasabat döwründe terminallaryň üsti bilen amala aşyrylan nagt däl pul hasaplaşyklarynyň umumy möçberi 9 milliard 52 million 664 müň 989 manada ýetdi.

Dowam edýän ýylyň ýanwar—iýul aýlarynda Elektron-söwda ulgamlary arkaly 604 million 382,6 müň manatdan gowrak söwda edildi. Mundan başga-da, Mobil bank ulgamy arkaly 10 million 343,9 müň manatdan gowrak nagt däl hasaplaşyklar amala aşyryldy diçio, çeşme Merkezi bankyň maglumatlaryna salgylanýar.

Maglumatlara görä, Internet bank ulgamy arkaly amala aşyrylan nagt däl hasaplaşyklaryň möçberi 1 million 281,1 müň manatdan geçdi. Şunuň bilen baglylykda, bankomatlaryň üsti bilen ýerine ýetirilen nagt däl hasaplaşyklaryň umumy möçberi 207 million 929,3 müň manatdan gowrak boldy.

Halkbank terminal ulgamy arkaly 16 million 622,7 müň manatdan gowrak nagt däl pul dolanyşygy amala aşyryldy diýip, çeşme Bankyň maglumatlaryny getirýär.

Ýene degişli makalalar

Bank ulgamy: sanly hyzmatlaryň gerimi giňelýär
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa Türkmenistanyň bank ulgamynyň işgärleriniň ÝÜZLENMESI
Milli manadymyz ýurdumyzyň berk binýady
Turkish Airlines awiapetekleri bronlamagyň dürli usullary barada habar berýär
Sport ― bir demde 10 habar (21-nji maý)
Türkmenistanyň Prezidenti Türkmentel — 2024 halkara forumyna gatnaşyjylara Gutlag iberdi
Türkmenistanyň Prezidenti Arkadag medaly bilen sylaglandy, Halkbank kartdan karta pul geçirmek hyzmatyny ýola goýdy, Burak Özçiwit Aşgabatda geçiriljek film festiwalyna gatnaşar we beýleki habarlar