Türkmenistanda missiýasyny tamamlandan soňra, BSG “Covid-19-i tapmak üçin tagallany işjeňleşdirmegiň zerurdygyny” aýtdy

Türkmenistanda missiýasyny tamamlandan soňra, BSG “Covid-19-i tapmak üçin tagallany işjeňleşdirmegiň zerurdygyny” aýtdy

Bütindünýä Saglyk Guramasynyň Ýewropa edarasynyň saglygy saklaýyş ulgamynyň taýýarlygyny ösdürmäge gönükdirilen ýokary derejeli bilermenler missiýasynyň Türkmenistana sapary tamamlady.

Bu barada BMG-niň Türkmenistandaky wekiliýeti habar berdi.

Missiýa BSG-niň Ýewropada adatdan daşary ýagdaýlar boýunça baş ýolbaşçysy Dorin Nisan ýolbaşçylyk etdi.

“Biz öz saparymyzyň dowamynda delta-görnüşiniň ýaýraýandygy üçin sebitde ýokanjyň üýtgeýän häsiýetini bellemäge çalyşdyk. Şeýlede biz bütin dünýäde hatda, ýokanjyň giň ýaýran ýurtlarynda hem onuň täze görnüşleriniň ýüze çykýandygyna hem ýaýraýandygya ünsi çekdik” diýip ol saparyny kommentirleýär.

Bu missiýanyň möhüm elementi, Saglyk we Oba hojalyk ministrlikleriniň işgärleri bilen “Bütewi Saglyk”ýörelgelerine esaslanýan bakteriýilogiýa hem ýokanç ugurlarynda sebitleýin mümkinçilikleri ösdürmek baradaky çekişme boldy.

Mundan başga-da,missiýa Covid-19-y tapmaga kömek etmek üçin ýokançlaryň genetiki yzygiderliligini nähili sazlap boljakdygyny öwrendi.

“Missiýa Covid-19-y tapmak üçin tagallany işjeňleşdirmegiň zerurdygyny belledi. Wakalar barada öz wagtynda habar bermek hökmany, sebäbi,bu göşmaça serişdeleri ulanmaga mümkinçilik berýär: gatnaşyklary yzarlamak, karantin, ýeterlik aladany we işi dogry ýola goýmagy üpjün etmek, çäreleriň epidemiýologiki ýagdaýa uýgunlaşmagy, gözegçilik hem synag etmek.Bu zatlaryň ählisi jemgiýetiň gatnaşmagyny talap edýär we açyk-aýdyňlyga esaslanýar” diýip Dorit Nisan aýdýar.

Türkmenistany Covid-19-a taýýarlamakdan başga-da, BSG-niň bilermenleriniň beýleki welaýatlara teklipler bermek üçin şol sanda, ýokaşmaýan keseller, temmäkä garşy göreş we saglygy saklaýyş ulgamy babatda birnäçe saglyk edaralaryna baryp görmek mümkinçilikleri boldy.

Toparyň agzalary adatdan daşary ýagdaýlara taýýarlyk görmek we garşy göreşmek, ýokaşmaýan keseller, daşky gurşaw, umumy saglyk, epidemologiýa, gözegçilik, saglyk maglumatlary, maglumat ulgamy, sanly saglyk we innowasiýa boýunça bilermenlerdi. Olar türkmen hünärmenleri bilen bilelikde işleşip,ygtybarly maglumatlar, ylmy subutnamalar we Ýewropa sebitiniň ýurtlarynyň tejribesi babatda teklipleri düzüp bildiler diýip habarda aýdylar.

BMG missiýany gurnamak barasynda BSG Ýewropa sebit edarasynyň baş ýolbaşçysy Hans Klýugeniň Türkmenistana sapary wagtynda karar kabul edilipdi.

Şol bir wagtyň özünde, 9-njy noýabrda BSG-niň ýokary derejeli ofiseri Kesrin Smolwud “Eýýäm,iki ýyl çemesi bäri dünýäde COVID-19 ýokanjy ýaýraýar.

Ylmy nukdaý nazardan, Türkmenistanda ýokanjyň ýokdygyny göz öňüne getirmek mümkin däl” diýipdi.The post Türkmenistanda missiýasyny tamamlandan soňra, BSG “Covid-19-i tapmak üçin tagallany işjeňleşdirmegiň zerurdygyny” aýtdy first appeared on Türkmenistanyň Hronikasy.

Ýene degişli makalalar

USAID we Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy Türkmenistanyň Inçekesele garşy göreşmek we öňüni almak boýunça milli maksatnamasyna baha berýär
Türkmen Lideri BMG-niň Türkmenistandaky täze hemişelik utgaşdyryjysyny kabul etdi
Raşid Meredow BMG-niň Türkmenistandaky täze Hemişelik utgaşdyryjysy bilen duşuşdy
Baýden Owganystandaky Harby Missiýalarynyň 31-nji Awgustda Gutarýandygyny Aýtdy
Germaniýa Owganystandaky soňky esgerlerini hem ýurtdan çykardy
ABŞ-nyň Goranmak Ministrliginiň Wekiliýeti Türkiýä Geler
Kanada hökümeti bu ýurtda ýaşaýan eýranlylaryň saýlawlara gatnaşmagynyň öňüni almak ugurdaky hereketi