Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar instituty tarapyndan her çärýekde neşir edilýän Miras ylmy-köpçülikleýin žurnalynyň nobatdaky sany çapdan çykdy ― diýip, Döwlet habarlar agentligi habar berýär.
Žurnalyň şu sany 2022-nji ýylyň ikinji çärýeginiň şanly seneleri we wakalary mynasybetli Gutlaglary bilen açylýar. Açyşlar we täze işläp taýýarlamalar atly umumy sözbaşy bilen Türkiýe Respublikasynyň Balykesir uniwersitetiniň professory Halil Ibrahim Şahiniň Görogly eposyna bagyşlanan makalasy okyjylara hödürlenilýär.
Žurnalda Bäherden etrabyndaky Gökdepe galasyna bagyşlanan makala ýerleşdirildi. Makalada milletiň täsin taryhy-medeni mirasyny düýpli öwrenmegiň we giňden wagyz etmegiň Watanymyzyň ylym babatdaky syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlenendigi bellenilýär.
Hünärmenler we okyjylar üçin Merwiň zikgeçiligine bagyşlanan makala hem uly gyzyklanma döreder. Merwde zikgeçilik Parfiýa şalygy döwründe ýola goýlupdyr.
Medeniýetleriň, halklaryň we siwilizasiýalaryň özara gatnaşyklary atly umumy sözbaşynyň astynda Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen hem-de Horasanyň möhüm ähmiýetli ilatly ýerleriniň biri bolan Abiwerd şäheriniň çäginde geçirilen arheologik gazuw-agtaryş işleriniň barşynda ýüze çykarylan tapyndylar barada gürrüň berýän makala ýerleşdirildi.
Žurnalyň nobatdaky sany däp bolan habarlaryň syny bilen jemlenýär. Onda ýurdumyzyň şu ýylyň aprel — iýun aýlaryndaky jemgyýetçilik, ylmy we medeni durmuşynyň wakalaryna syn berilýär.
Türkmen, iňlis we rus dillerinde neşir edilýän Miras žurnalynda çap edilen makalalar köpöwüşginli suratlar bilen bezeldi.