Türkmenistanda
1. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken Kararyna laýyklykda, metan zyňyndy gazlaryny azaltmak boýunça Türkmenistanyň pudagara topary döredildi, şeýle-de pudagara toparyň düzümi we bu topar hakynda Düzgünnama tassyklanyldy. Resminama esasynda ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda emele gelýän parnik gazlarynyň, esasan-da, metan zyňyndy gazlarynyň möçberini yzygiderli azaltmak ugrunda durmuşa geçirilýän işleriň netijeliligine gözegçiligi güýçlendirmek maksat edinilýär.
2. 4-nji iýunda sagat 10:00-da Aşgabat medeni-dynç alyş seýilgähinde Rus diliniň güni hem-de beýik rus şahyry A.S.Puşkiniň doglan güni mynasybetli baýramçylyk çäreleri geçiriler. Onuň maksatnamasynda A.S.Puşkiniň Tylla balyjak eserinde sahnalaşdyrylan çykyşlar, mowzuklaýyn ussatlyk sapaklary, Puşkiniň eserleri esasynda oýunlar göz öňüne tutulýar. Bu çärelere ähli isleg bildirýänler gatnaşyp bilerler. Giriş tölegsizdir.
3.Awaza milli syýahatçylyk zolagynda ýerleşýän Hasyl myhmanhanasynyň çäginde kuwwatlylygy 270 kWt bolan Gün elektrik stansiýasy açyldy.Elektrik stansiýa Global ekologiýa gaznasy tarapyndan maliýeleşdirilýän taslamanyň çäklerinde gurnaldy.
Bu desganyň açylyşyna BMGÖM-üň Türkmenistandaky hemişelik wekili Narine Saakýan gatnaşdy.Elektrik stansiýasy parnik gazlarynyň zyňyndylaryny azaltmak we howanyň üýtgemeginiň derejesini pese düşürmek üçin, şeýle-de Gün energiýasyndan we beýleki täzeden dikeldilýän energiýa çeşmelerinden peýdalanmagy çaltlaşdyrmak üçin niýetlenendir.
4.Türkmenistanly kinorežissýorlar 48 sagatda surata düşürmek atly gysga metražly filmleriň halkara bäsleşigine çagyryldy.Bu Merkezi Aziýanyň kinematograflarynyň her ýylda geçirilýän bäsleşigidir.Bäsleşigiň şertlerine laýyklykda, oňa gatnaşyjylar 48 sagadyň dowamynda dowamlylygy 4 minutdan az bolmadyk filmi surata düşürmeli. 2023-nji ýylda bäsleşik 17-nji iýunda badalga alar.
Iň gowy film ugry boýunça ýeňiji bolan gatnaşyjy kino surata düşürmek boýunça okuw geçmek üçin Nýu-Ýork şäherine ugradylar.
5. Anna güni Türkmenistanda galla oragyna başlandy. Şol gün galla oragyna ýurduň Ahal, Lebap we Mary welaýatlarynyň gallaçylary girişdiler. Şu ýyl Türkmenistan boýunça 690 müň gektar meýdanda ýetişdirilen bugdaýdan 1 million 400 müň tonna hasyl almak göz öňünde tutulýar. Galla oragyna Balkan we Daşoguz welaýatlarynda bolsa 9-njy iýunda badalga berler.
6.Ermenistan Respublikasynda tamamlanan Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň çäklerinde Ýerewan Döwlet uniwersitetinde türkmen halkynyň beýik şahyry, akyldar Magtymguly Pyragynyň döredijilik mirasyna bagyşlanan ylmy maslahat geçirildi.Iki ýurduň alymlary türkmen nusgawy şahyrynyň eserlerini öwrenmek we ýaýbaňlandyrmak boýunça geçirilen gözlegleriň netijeleri dogrusynda pikir alyşdylar.
Maslahatyň dowamynda meşhur şahyr-terjimeçi Waruzhan Hastur tarapyndan türkmen şahyrynyň ermeni diline terjime edilen goşgulary diňlenildi.Ermenistanda Türkmenistanyň Medeniýet günleri anna güni agşam Artaşatdaky Amo Harazýan adyndaky Döwlet drama teatrynda tamamlandy.
Bu ýerde iki ýurduň sungat işgärleriniň gatnaşmagynda dabara we bilelikdäki konsert guraldy.
Dünýäde
7.Cinema kino teleýaýlymy baş gahrymanyň rolunda çagajyk çykyş edýän iň gowy filmleriň sanawyny düzdi.Sanawyň başyny bütin dünýäde uly gyzyklanma döreden Garri Potter: pelsepe daşy filmindäki Deniýel Redklifiň, Rupert Griniň hem-de Emma Wotsonyň keşpleri çekdi.
Ikinji orny bolsa Naýt Şýamalanyň Altynjy duýgy kinofilminde surata düşen dokuz ýaşly Joel Osment bilen Brýus Willisiň keşpleri eýeleýär.Heýli Joel Osment bu filme gatnaşmak bilen, iň ýaş ökde aktýora gowşurylýan Saturn baýragyna, şeýle-de Ýylyň iň öňe saýlanany ugry boýunça MTV teleýaýlymynyň baýragyna mynasyp bolupdy.
Ilkinji üçlükde Kris Kolambusuň surata düşüren Öýde ýeke özi filminiň baş gahrymany Makoleý Kalkin hem orun aldy.Bu film 2011-nji ýyla çenli dünýä kinematografynda iň girdejili komediýa hökmünde ykrar edilip geldi.
8.Beýik Britaniýanyň Nort-Ýorkşir graflygyndaky kafeleriň birinde müşderileriň höregini ogurlap gaçýan çarlaklary kowmak üçin işgäri işe kabul etmäge mejbur boldular. Çarlaklary kowujy — 18 ýaşly Kori Griwson bürgüdiň geýimini geýip, her günde müşderileriň stoluna ýakyn gonýan guşlary gykylyklap kowup başlady.
Syýahatçylar bolsa muny arkaýyn garbanmaga mümkinçilik hasap edip, hiç hili nägilelik bildirmeýärler.Köplenç bolsa, olar ýaş ýigit bilen ýadygärlik surata düşýärler.
Sport habarlary
9. Napoliniň gruziýaly ýarymgoragçysy Hwiça Kwarasheliýa Italiýanyň futbol boýunça çempionatynyň tamamlanýan möwsüminde iň ökde futbolçy diýlip saýlandy. Kwarasheliýa Serie-A-dageçiren 33 duşuşygynda 12 gol geçirdi we 12 gezek golly pasyny berdi. Napoli 33 ýyldan soň Italiýanyň çempiony boldy.
10. Türkmenistanyň Saud Arabystany Patyşalygyndaky ilçihanasy Er-Riýad şäherinde welosipedli ýöriş gurady. Bu çäre Bütindünýä Welosiped güni mynasybetli geçirildi. Welosipedli ýörişe öz maşgala agzalary bilen ilçihananyň hünärmenleri hem-de Saud Arabystanyndaky türkmen diasporasynyň wekilleri gatnaşdylar. Bütindünýä welosiped güni BMG-niň Baş Assambleýasynyň karary bilen Türkmenistanyň başlangyjy esasynda döredildi we her ýylyň 3-nji iýunynda bellenip geçilýär.