19-njy iýulda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde wise-premýer B.Atdaýew mekdep harytlarynyň satuw-söwdasyny guramak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň kärhanalary tarapyndan okuw esbaplary, okuwçy we sport egin-eşikleri, aýakgaplar bilen üpjün etmek üçin ýurdumyzyň önüm öndürijileri we haryt getirijiler bilen hyzmatdaşlyk etmek esasynda degişli işler amala aşyrylýar.
Şeýle hem wise-premýer mekdep harytlarynyň satuw-söwdasyny ýurdumyzyň welaýatlarynda we etraplarynda, Aşgabat we Arkadag şäherlerinde şu ýylyň 1-nji awgustyndan başlap, 5-nji sentýabryna çenli dowam etmegiň teklip edilýändigini aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ilatymyzyň dürli görnüşli harytlara bolan isleglerini yzygiderli öwrenip, içerki bazaryň bolçulygyny artdyrmagyň möhüm bolup durýandygyny nygtady.
Çeşme: THP