Türkmenistanda Media Forum geçirildi

TRT wekilçilik edip çykyş eden Ugur Sami Gezer TRT-niň sebitdäki ýaýlymlarynyň Andoly bilen Türkmen geografiýasynyň arasynda köňül gatnaşygyny ýola goýandygyny habar berdi.

Türkmenistanyň Telewideniýe, radio gepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitedi tarapyndan Mary welaýatynda “Halkara hyzmatdaşlygynda Medianyň roly” atly Media forum geçirildi.

Foruma Aziýa-Ýuwaş Umman Ýaýlym Bileleşiginiň (ABU) Baş sekretary Jawad Mottagi, Türkmenistanyň Telewideniýe, radio gepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitediniň başlygy Arslan Aşyrow, Russia Today-yň Baş müdüri Alekseý Nikolow, Azerbaýjanyň Telewideniýe we Radio edarasynyň başlygy Rowşen Mammedow bilen birlikde beýleki ýurtlaryň media guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar.

TRT wekilçilik edip çykyş eden Ugur Sami Gezer TRT-niň sebitdäki ýaýlymlarynyň Andoly bilen Türkmen geografiýasynyň arasynda köňül gatnaşygyny emele getirendigini habar berdi.

TRT-nyň Aşgabat şäherindäki wekilihanasy tarapyndan taýarlanan “Merjen şäher Aşgabat” atly filiminiň iň gowy ssenariý kategoriýasynda sylaga laýyk görülendigini aýdan Ugur Sami Gezer, ýakyn wagtda taýarlanjak “Köneürgenç” atly gysga metražly filim bilen hyzmatdaşlygyň dowam etdiriljekdigini mälim etdi.

Foruma gatnaşyjylar media ugrundaky umumy taslamalaryň sebitleýin dinamikalary we hyzmatdaşlygy artdyrjakdygyny beýan etdiler, ynamdar habar çeşmeleriniň halkara parahatçylygyň we durnuklylygyň goralmagynda goşant goşjakdygyny bellediler.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistandaky dinozawrlaryň aýak yzlary syýahatçylaryň ünslerini özüne çekýär
TRT World Forum Stambulda Geçiriler
ABU TRT-nyň ýer eýeçilik etmeginde Stambulda geçiriler
Fahrettin Altun TRT-ny gutlady
TRT Halkara dokumental film baýraklary başlaýar
TRT-niň Täsiri Gün Saýyn Artýar
Uýgur Türkçesi