Türkmenistanda maýyplar döwlet puluny almakda ýene-de kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz boldular. Balkan welaýatynda aprel aýynyň puly henizem tölenmedi. Azatlyk Radiosynyň habarçylary döwletiň kömek pullaryna garaşly adamlaryň ýagdaýy barada maglumat berýärler.
Aprel aýynyň ikinji ýarymy bolmagyna garamazdan, Balkan welaýatynyň ýaşaýjylary şu aý üçin maýyplyk kömek puluny alyp bilmediler. Bu ujypsyz pul köpler üçin ýeke-täk eklenç çeşmesi bolup durýar. Ýerli häkimiýetler puluň gijikdirilmeginiň kömek puluny alýanlaryň öz maýyplygyny tassyklatmak üçin goşmaça barlagdan geçmeginiň zerurdygyny aýdýarlar.
"Maýyplara Balkanabadyň 1-nji saglyk öýünde maýyplary hasaba alyş bölüminde hemmetaraplaýyn barlagdan geçmelidigi düşündirildi. Ýaşaýjylar sebit saglygy saklaýyş müdirligi we Saglyk ministrligi tarapyndan geçirilýän barlagdan maýyplygy hasaba alnan ähli etrap ýaşaýjylary geçmeli" - diýip, habarçy aýdýar. Onuň sözlerine görä, ýerli resmiler bu karary ýakynda Aşgabatdan gelen komissiýanyň geçiren barlagy bilen düşündiripdir.
Goşmaça lukmançylyk barlaglary we raýatlaryň maýyplygyny tassyklamagyň zerurlygy barada resmi habar bolmady. Azatlyk bu ýagdaýlar barada saglyk işgärlerinden resmi görnüşde teswir alyp bilmedi.
Bu aralykda, Azatlyk bilen anonim gürleşen balkanly saglyk resmisi barlaglaryň döwletden maýyplygy sebäpli pensiýa alýanlaryň arasynda sagdyn adamlaryň bardygy baradaky çaklamalar esasynda başlanandygyny aýtdy.
"Häkimiýetler hamala maýyplara ep-esli pul töleýän ýaly özlerini alyp barýarlar. 400 manat kömek puly hiç zada ýetmeýär. Derman beýlede dursun, hatda bir hepdelik çörege-de zordan ýetýär. Maýyplara iş tapmakda kömek etmeýän döwlet adamlara, iň bolmanda kömek puluny bir bersin. Muňa derek maýyplar sebit merkezine baryp, işe ukypsyzdygyny gaýtadan subut etmeli "- diýip, Balkan welaýatynyň ýaşaýjysy aýdýar.
Soňky döwürde maýyplar dürli bahanalar bilen kömek pulundan mahrum edilýärler. Şeýle ýagdaýa düşenleriň biri göz ýitiligi gaty gowşak bolan 48 ýaşly türkmenbaşyly zenan komissiýanyň özüni maýyplykdan mahrum edendigini aýtdy.
"Mende katarakta bar we gözümiň ýitiligi pes, men minus 10 äýnek bilenem zordan görýärin. Muňa garamazdan, maňa pensiýa bölümi üçin hat berdiler, onuň bilen meni pul kömeginden mahrum etdiler" - diýip, türkmenbaşyly zenan gürrüň berdi.
Türkmenistanda häzirki maýyplaryň sanlary barada resmi maglumat ýok.
Maýyplaryň hukuklary baradaky halkara konwensiýasyna 2008-nji ýylda gol çeken we dünýäniň 153 ýurduna goşulan Türkmenistan Konwensiýa laýyklykda öz borçnamalarynyň ýerine ýetirilişi barada BMG-a 2015-nji ýylyň aprel aýynda hasabat berdi. Şol hasabatda Türkmenistanyň Pensiýa gaznasynyň maglumatlaryna salgylanyp, ýurtda 121 810 maýyp adamyň hasaba alnandygy mälim edildi we olardan I topar maýyp diýlip, 2513 adamyň, II topar maýyp 24 834 adamyň we III maýyp diýlip 13450 adamyň hasaba alnandygy aýdyldy.
Aprel aýynyň başynda Türkmenistanyň Ahal welaýatynyň käbir etraplarynda aýlyklaryň, pensiýalaryň we kömek pullarynyň gijä galýandygy barada habar berildi. Ýerli bank işgärleri bu gijikdirmeleri raýatlardan bank kartoçkalaryna degişli maglumatlaryny gaýtadan hasaba aldyrmak talaby bilen baglanyşdyrdylar.
Döwletiň raýatlaryň pensiýalaryny we kömek pullaryny wagtynda tölemezligi muňa doly garaşly maşgalalaryň köpüsini gaty kyn ýagdaýa saldy.
Türkmenistanda iň pes pensiýa 450 manat, kömek pulunyň mukdary 430 manat mukdar esasynda kesgitlenýär. Türkmenistanyň Merkezi Bankynyň resmi çalyşyk kursuna görä, 3,5 manat - 1 ABŞ dollaryna barabar.
Bu aralykda, ýurduň häkimiýetleri gymmat bahaly desgalaryň gurluşygyna köp mukdarda döwlet serişdelerini sarp etmegini dowam etdirýärler. Hususan-da, hökümet öňki prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyny göterýän Arkadag şäherine 5 milliarda golaý amerikan dollary möçberinde pul sarp edýär.
Rus dilinde hem okaň
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.