19-njy dekabrda USAID-iň “Türkmenistanda dolandyryş işleri” (GAT) taslamasy, Daşary ýurt maýa goýumlary hakynda Türkmenistanyň kanunçylygyny kämilleşdirmek hem-de halkara maýa goýum işleriniň öňdebaryjy tejribelerini we strategiýalaryny ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen “Tegelek stol” duşuşygyny geçirdi.
Bu duşuşyk ABŞ-nyň hökümetiniň Türkmenistanda maýa goýum şertlerini gowulandyrmak we durnukly ykdysady ösüşi gazanmak babatynda tagallalarynyň aýdyň mysalydyr.Duşuşygyň dowamynda milli we halkara hünärmenleri Türkmenistanyň talaplaryna laýyk gelýän hem-de oňyn netijeleri berýän maýa goýum strategiýalary hem-de kanunçylyk binýady boýunça çykyş etdiler we pikir alyşdylar.
Tegelek stola gatnaşyjylar ýurduň maýa goýum işlerine degişli kanunlaryny halkara ülňülerine laýyk getirmekligiň we olary mundan beýläkde kämilleşdirmekligiň esasy ugurlaryny kesgitlediler.Bu çäre ABŞ-nyň hökümetiniň Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi we beýleki döwlet edaralary bilen hyzmatdaşlygyny mundan beýläkde pugtalandyrmaklyga uly ähmiýet berýändiginiň subutnamasydyr.
ABŞ-nyň Halkara ösüş agentligi (USAID) döwlet edaralary bilen hyzmatdaşlygyny berkitmeklige, Türkmenistanda durnukly maýa goýum gurşawyny döretmeklige hem-de degişli kanunçylygy kämilleşdirmeklige ygrarlydyr.Bu tagallalar USAID-iň demokratik institutlary ösdürmek hem-de durnukly ösüşi gazanmak maksatnamasyna laýyk gelmek bilen, Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň durnukly ösüşine goşant goşar. /* custom css */ .td_uid_15_6764b5b1da020_rand.td-a-rec-img { text-align: left; } .td_uid_15_6764b5b1da020_rand.td-a-rec-img img { margin: 0 auto 0 0; }