Türkmenistanda “Maryazot” önümçilik birleşiginiň durky täzelener

Türkmenistanda “Maryazot” önümçilik birleşiginiň durky täzelener

Türkmenistanyň obasenagat toplumyny ammiak selitrasy bilen doly üpjün etmek hem-de onuň importyny aradan aýyrmak boýunça alnyp barylýan işleriň çäklerinde Mary welaýatynda ýerleşýän “Maryazot” önümçilik birleşiginiň durkuny täzelemek we döwrebaplaşdyrmak meýilleşdirilýär.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň senagat we gurluşyk toplumyna gözegçilik edýän orunbasary Çarymyrat Purçekow anna güni sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisiniň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa “Maryazot” önümçilik birleşiginiň kuwwatyny artdyrmak boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň oba hojalyk önümlerini öndürijileri zerur bolan dökünler bilen üpjün etmek maksady bilen, himiýa senagatynyň ähli önümçilik kärhanalarynyň netijeli işini gazanmagyň hem-de işleýän kärhanalary yzygiderli döwrebaplaşdyrmagyň möhümdigini aýtdy.

“Maryazot” önümçilik birleşigi Türkmenistanda azot dökünlerini öndürýän ilkinji senagat kärhanadyr. Ol 1984-nji ýylda ulanmaga berildi. Häzirki döwürde birleşikde ammiak selitrasy, ammiak azot kislotasy, suwuk azot, suwuk kislorod, polipropilen haltajyklary, kalsinirlenen soda we koagulýant (demir sulfaty) öndürilýär.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
25.09.2020 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 29 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ýyl ýazgysy - 2019-njy ýyl: Senagat we ulag-kommunikasiýa toplumy