Türkmenistanda Magtymguly Pyragynyň gruzin dilindäki goşgular ýygyndysy tanyşdyryldy

Türkmenistanda Magtymguly Pyragynyň gruzin dilindäki goşgular ýygyndysy tanyşdyryldy

2024-nji ýylyň 30-njy sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Magtymguly Pyragynyň gruzin diline terjime edilen goşgular ýygyndysynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.

Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň habar bermegine görä, çärä Türkmenistanyň DIM-niň, daşary döwletleriň we halkara guramalaryň Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalarynyň wekilleri, edebiýaty öwreniji alymlar, žurnalistler, institutyň professor-mugallymlary hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Çykyş edenler Magtymgulynyň döredijiliginiň diňe bir milli gymmatlyk bolman, onuň dünýä medeniýetiniň genji-hazynasynyň bir bölegidigini bellediler. Şahyryň ynsanperwerlik, parahatçylyk, dostluk we watansöýüjilik gymmatlyklaryny beýan edýän şygyrlary dürli halklaryň okyjylarynyň kalplarynda seslenme döredýär.

Gruziýanyň Türkmenistandaky ilçisi Konstantin Sabiaşwili täze terjime edilen eseriň Gruziýa bilen Türkmenistanyň arasynda medeni hyzmatdaşlygy pugtalandyrjakdygyny nygtady. Çäräniň dowamynda gruzin ýazyjylarynyň we alymlarynyň wideoýüzlenmeleri görkezildi.Olar dostlugyň we hyzmatdaşlygyň nyşany hökmünde bu taslamanyň möhüm ähmiýetiniň bardygyny bellediler.

Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşanlar terjime edilen kitabyň üsti bilen gruzin dilinde gürleýän giň okyjylaryň beýik akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň mirasy bilen çuň tanşyp biljekdiklerine ynam bildirdiler.

2024-nji ýylyň 12-nji sentýabrynda beik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň şanly 300 ýyllyk senesini baýram etmegiň çäklerinde Tbilisi şäherinde Türkmenistanyň Gruziýadaky ilçihanasy şahyryň goşgularynyň gruzin dilindäki ýygyndysynyň tanyşdyrylyş dabarasyny geçirdi.

Ýene degişli makalalar

Mihail Kawelaşwili Gruziýanyň Prezidenti boldy
Türkmen diplomaty türkmen-gruzin gatnaşyklarynyň okgunly ösdürilişi barada gürrüň berdi
Tbiliside Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasynda medeni hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaklyk maslahatlaşyldy
Gruziýanyň Prezidenti Parlament saýlawynyň netijesini kabul etmejekdigini beýan etdi
Halkara ýaryşlarda ýeňiji bolan türgenler sylaglandy
Türkmenistan bilen Gruziýa bilim ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmegi maslahatlaşdylar