5-nji oktýabrda geçirilen giňişleýin hökümet maslahatynda Ykdysady jenaýatlara garşy göreş baradaky döwlet gullugynyň başlygy Mämmethan Çakyýew korrupsiýada aýyplanan emeldarlaryň bir toparynyň tussag edilendigini habar berdi. Bu barada Türkmenistanyň döwlet telewideniýesi habar berdi.
Senagat ministrliginiň “Türkmen Demir Önümleri” kärhanasynyň başlygy Merdan Babaýew öz golasty işgärlerinden, hususan-da öz orunbasary Döwran Allakulyýewden para alypdyr (Ol 2012-nji ýylyň awgustyndan 2017-nji ýylyň awgustyna çenli aralykda döwlet kärhanasynyň önümlerini döwlet bahasyndan satyn alyp, soň olary kommersiýa gurluşlary arkaly ýokarlandarylan bahadan satmak bilen bikanun gazanç edipdir).
Geçirilen derňewler netijesinde Babaýew we Allakulyýew jenaýat jogapkärçiligine çekildi.Olara degişli awtoulaglar maddy subutnama hökmünde konfiskasiýa edildi.
Dokma senagaty ministrliginiň hem birnäçe kärhanasynda barlag geçirildi. Hususan-da Ahal welaýat birleşiginiň başlygynyň orunbasary Allanazar Ýazberdiýewiň döwlete aýratyn uly möçberlerde zyýan ýetirendigi ýüze çykaryldy.
Daşogyz şäher häkimliginiň ýanyndaky “Daşoguzhyzmat” hojalyk hasaplaşygy kärhanasynyň başlygy Kerimbaý Matnazarow öz gulluk ýagdaýyndan peýdalanyp, dokma senagatynyň taýyn önümlerini ibermek boýunça şertnama baglaşypdyr we kezzaplyk hem-de hile-mekirlikler bilen döwlete aýratyn uly möçberlerde zyýan ýetiripdir.
Häzir döwlete ýetirilen zyýany yzyna gaýtarmak üçin iş alnyp barylýar.
Demirýol transporty ministrliginde hem barlaglar geçirilýär. Demir ýoluň Aşgabat bölüminiň stansiýa ýolbaşçysy Täçmyrat Gurbanmämmedow stansiýanyň hasabyna gelip düşen hyzmat ýygymlarynyň girdejkisini peseldipdir. Netijede, döwlete aýratyn uly möçberlerde zyýan ýetirilipdir. Gurbanmämmedow jenaýat jogapkärçiligine çekildi.
Medeniýet ministrliginde hem barlag geçirildi.
Mary welaýatynyň Murgap etrabynyň medeniýet bölüminiň başlygy Şadurdy Momaýew, bölümiň işägerleri Şamuhammet Nurmuhammedow we Goçmyrat Rejebow hasabatlardaky maglumatlary galplaşdyrmak arkaly döwlete aýratyn uly möçberlerde zyýan ýetiripdirler. Olaryň garşysyna jenaýat işleri gozgaldy. Derňew dowam edýär.
Ýatladýarys, prezident Berdimuhamedow maý aýynyň başynda korrupsiýa garşy göreş kampaniýasynyň başlanýandygyny yglan etdi, netijede bir topar ýokary derejeli emeldarlar we güýç gurluşlarynyň resmileri tussag edildi.
Prokuraturanyň bir topar işgäriniň tussag edilmegi netijesinde baş prokuror Amanmyrat Hallyýew hem wezipesinden boşadyldy.
Korrupsiýa garşy göreş üçin Ykdysady jenaýatlara garşy göreş boýunça-da döwlet gullugy döredildi we onuň başlyklygyna polkownik Mämmethan Çakyýew bellenildi.