Türkmenistanda korrupsiýa garşy göreşmek boýunça täze bäş ýyllyk maksatnama taýýarlanar

Türkmenistanda korrupsiýa garşy göreşmek boýunça täze bäş ýyllyk maksatnama taýýarlanar

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň çarşenbe güni geçirilen nobatdaky mejlisinde “Türkmenistanda korrupsiýa garşy hereket etmek boýunça 2025 2029-njy ýyllar üçin Milli maksatnamany” işläp taýýarlamagy tabşyrdy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.

Mejlisde Baş prokuror Begmyrat Muhamedow prokuratura edaralarynyň şu ýylyň on aýyndaky işleriniň netijeleri, şol sanda kanunlaryň we kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň ýerine ýetirilmegine gözegçilik etmek, sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Serdar Berdimuhamedow kanunlaryň ýerine ýetirilişine gözegçiligiň güýçlendirilmeginiň möhümdigini belläp, halkara hukuk kadalaryna laýyklykda, korrupsiýa garşy göreşmek boýunça täze maksatnamany taýýarlamagy tabşyrdy.

“Türkmenistanda korrupsiýa garşy hereket etmek boýunça 2025 2029-njy ýyllar üçin Milli maksatnamanynyň” taslamasy halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyklykda taýýarlanylmalydyr” diýip, Türkmenistanyň döwlet Baştutany nygtady.

Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisinde harby we hukuk goraýjy edaralaryň şu ýylyň on aýynda alyp baran işleriniň jemi jemlenip, ýurtda howpsuzlygy we asudalygy gorap saklamak, harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek, olaryň işini mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmak meselelerine garaldy.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň baş prokurory täzelendi
Türkmen Liderine döwlet sylaglary gowşuryldy
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
Türkmen Lideri ýurduň bähbitlerine gönükdirilen kanunçylyk namalaryny taýýarlamagy tabşyrdy
Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Permany
M.Taganow Türkmenistanyň täze adalat ministri wezipesine bellenildi