Türkmenistanda korrupsiýa garşy göreşe aýallary we çagalary hem çekýärler

23-nji maýda Aşgabatda korrupsiýa garşy göreşmek we ösüp gelýän nesli terbiýelemek wezipelerine bagyşlanan “Halal zähmet—bagtyýar durmuş” atly maslahat geçirildi diýip, TDH döwlet habar gullugy habar berýär.

Bu maslahat 12-nji maýda prezident tarapyndan öňde goýlan wezipeleri durmuşa gaçirmäge bagyşlandy. Şol gün prezident Gurbanguly Berdimuhamedow hökümetde we prokuraturada gerimli arassalaýyş geçirip, 50-ä golaý resmini işden boşadypdy.

Mejlisiň başlygy Akja Nurberdiýewa öz çykyşynda korrupsiýa baş goşan adamlaryň arasynda aýallaryň hem bolmagyna aýratyn gahar bildirdi. Bu ýagdaý gaýtalanmaz ýaly, jemgyýetçilik guramalarynyň we Aýallar birleşiginiň merkezi geňeşiniň aktiw işlemegi talap edilýär.

Çykyş edenleriň ýene biri, Magtymguly adyndaky TDU-nyň kafedra müdiri, professor Atajan Burunow orta mekdepleriň we ÝOJ-laryň okuw programmalaryna özüňi alyp barmak düzgünleri, etika, hukuk öwreniş boýunça sapaklaryň girizilmeginiň hem-de ýaşlaryň zähmet terbiýesi meselelerini düzgünleşdirýän kanunlara gaýtadan seredilmeginiň wajypdyryny belledi.

Ýatladýarys, çykyş edenleriň sözleri şowhunly elçarpyşmalar bilen utgaşdyr, duşuşyga gatnaşanlaryň biri bolsa prezidentiň ejesine bagyşlap, aýdym hem aýtdy.

Berdimuhamedow 18-ni maýda geçiren hökümet maslahatynda “ýolbaşçy wezipelere teklip edilýän kadrlara aýratyn ünsli bolmagy we raýatlaryň ahlak düşünjesini ýokarlandyrmagy “ buýurdy.

Ýene degişli makalalar

Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň agzalary Ynsanperwerligiň sarpasy nyşany bilen sylaglanyldy
Jeditçilik hereketiniň türkmen topragyndaky öwüşginleri
Milli žiwopis mekdebiniň halypalary: Ýakup Annanurow
03.03.2018 | Ýurdumyzyň sport baradaky syýasatyna bagyşlanan kitabyň tanyşdyryş dabarasy geçirildi
Ýurdumyzyň sport baradaky syýasatyna bagyşlanan kitabyň tanyşdyryş dabarasy geçirildi
Unudylmajak zehin