Ýurduň iň üns çekiji destinasiýalaryndan biri bolan we 1986-njy ýylda milli goraghana yglan edilen zolakda dinazawrlaryň aýak yzlary hem bar.
Gök asmana uzap gidýän haýbatly daglar, kanionlardan akýan sowuk suwlar; Türkmenistanyň gündogarynda uzynlygy 100 kilometr, belentligi 3139 kilometre barabar bolan Köýtendagy baý faunasy bilen jennedi ýada salýar.
Köýtendagyndaky 60 sany gowakda mukaddes hasap edilýän Kyrkgyz gowagy mistki görnüşi bilen ünsleri çekýär.
Şeýle hem Umbar şaglawugy, Ketde köli, Gaýnarbaba köli, Arnap tokaýy Köýtendagynyň beýleki üns çekiji destinasiýalary. Dinazawr depesiniň eňňidi bolsa dünýäde iň köp dinazawr aýak yzyna gabat gelinmegi bilen gelenýänleriň ünsüni çekýär.
Soňky ýyllarda köp sanly syýahatçyny kabul eden sebitiň ÝUNESKO-nyň Dünýä mirasynyň sanawyna goşulmagyna garaşylýar.