Şu gün, 23-nji iýunda Lebap welaýatynyň Kerki şäherinde täze halkara howa menzili ulanmaga berildi. Kerki şäheriniň halkara howa menziliniň açylyş dabarasyna Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy.
Türkmen Lideri açylyş dabarasynyň çäklerinde howa menzili bilen tanyşdy, onuň ýolagçy terminaly, CIP zalyna we beýleki bölümlerine baryp gördi.
Sagatda 100 ýolagça hyzmat etmek mümkinçiligine eýe bolan howa menzili birbada 2 sany uly uçary hem-de 4 sany dikuçary kabul edip bilýär. Howa menziliniň halkara derejesine eýe bolmagy onuň demirgazyk böleginde Özbegistanyň, günorta böleginde Owganystanyň ýerleşmegi bilen baglanyşyklydyr.
Türkmenhowaýollary agentliginiň buýurmagy boýunça howa menziliniň gurluşygyny Gündogdy hususy kärhanasy amala aşyrdy. Howa menziliniň ýolagçy terminaly 3 gatdan ybarat bolup, umumy meýdany 2,2 müň inedördül metre barabardyr. Dispetçer diňiniň beýikligi 31,7 metrdir. Uçuş zalynda ýolagçylaryň ygtyýarynda naharhana, eneler we çagalar üçin otag we namaz otagy bar. Şeýle hem, wekiliýet we ýolagçylar üçin CIP hyzmat meýdany bar.
Fiziki taýdan kemçilikleri bolan adamlar üçin bosagasyz amatly geçelgeler göz öňünde tutulypdyr. Howa menziliniň uçuş-gonuş zolagynyň uzynlygy 2700 metre, ini 45 metre deňdir. Ol signal, radiotehnika we nawigasiýa ulgamlary bilen enjamlaşdyrylandyr.
Howa menziliniň meýdany 42,3 müň inedördül metre deňdir. Onuň düzüminde halaş ediş we ýangyn howpsuzlyk gullugy, ýörite ulaglar üçin garaž, birnäçe transformator podstansiýalary we beýleki kömekçi desgalary bar. Kerki şäherindäki täze halkara howa menzili ýurdumyzyň gündogar sebitiniň howa ýükleriniň we ýolagçy gatnawynyň has-da güýçlenmegine itergi berer diýlip garaşylýar.