16-njy iýundan başlap, Türkmenistanda “kardşeýring”, ýagny köp bolmadyk pula rus telekanallaryny tomaşa etmäge we wideo hyzmatlaryna girmäge rugsat berýän bikanun usul petiklendi diýip, turkmen.news neşiri habar berýär.
Neşir “Türkmentelekom” elektrik aragatnaşyk kompaniýasyna ýakyn bir çeşmä salgylanyp, kart paýlaşma’ hyzmatlary arkaly tomaşa edilýän satellit telewizion kanallarynyň tehniki näsazlyk sebäpli däl, ýörite petiklenendigini habar berýär.
Satellit arkaly ýaýlyma berilýän telekanallara adatça ýa däp bolan çanak antennalary arkaly, ýa IPTV hyzmatlarynyň üsti bilen, ýa-da, meselem, çanak antennalaryny ulanmak arkaly Russiýanyň “Telekarta”, ýa-da Türkiýäniň “Digiturk” ýaly prowaýderleriniň TW kartlarynyň üsti bilen, ýa Internet arkaly, ýa-da kart paýlaşma hyzmatlary arkaly tomaşa edip bolýar.
Däp bolan satellit TW mümkinçiligi: Çanak antennalary arkaly öňden bäri efire berilýän tölegsiz telewizion kanallara tomaşa etmek üçin, ulanyjy satellit siganallaryny kabul ediji týuner, ýagny kabul ediji enjam ulanýar.
Bu usuldan peýdalanmak üçin ulanyjy çanak antennasyny we kabul ediji enjamy satyn almaly bolýar. Çäkli satellit TW kanallaryny hödürleýän bu usul Türkmenistanda häkimiýetleriň gatyşmagy netijesinde ýyllarboýy çäklendirilýär.Häkimiýetler bu usul arkaly efire berilýän TW ýa-da radio kanallaryň sanawyna aňsat gatyşyp bilmeýär, diňe raýatlardan çanak antennalaryny aýyrmagy talap edip bilýärler.
IPTV: Çanak antennalary arkaly kabul edilýän çäkli satellit TW kanallaryndan tapawutlylykda, häkimiýetler ýerli aragatnaşyk kompaniýalary tarapyndan raýatlara hödürlenýän IPTV kanallaryna berk gözeçilik edip, ulanyjylar üçin özleriniň makul hasaplan kanallarynyň efire berilmegine, makul däl hasaplan kanallarynyň bolsa, efirden aýrylmagyna gatyşyp bilýärler.
Satellit TW prowaýderleri: Meselem, Russiýanyň “Telekarta” sputnik kanallary bilen üpjünçilik ulgamy Russiýanyň çäginde sputnik kanallaryny efire berýär. Ulanyjylar telewizion kanallaryň bukjalaryny dürli bahalardan aýlyk ýa-da ýyllyk satyn alýarlar.
Maglumat üçin aýdylsa, Russiýanyň “Telekarta” sputnik kanallary bilen üpjünçilik hyzmaty Moskwanyň Ukraina çozmagynyň yz ýany, 2022-nji ýylyň mart aýynda “CNN International”, “Deutsche Welle” we “France 24” ýaly Günbatar ýurtlarynyň kanallaryny efirden aýyrdy.
Kart paýlaşma hyzmatynyň satellit TW kanallary: Indi Türkmenistanda petiklenen “kart paýlaşma” hyzmaty nähili işleýär?Meselem, Russiýada “kart paýlaşma” hyzmatyny hödürleýän taraplar kanuny ýagdaýda, aýdaly, Russiýanyň “Telekarta” TW hyzmatyna abonent bolýar, kanuny ýagdaýda TW kartyna ýazylýarlar we öz kartlaryndaky telewizion kanallary ýörite goşundylaryň üsti bilen tölegli görnüşde üçünji taraplar bilen paýlaşýarlar.
Bu bikanun usuldan Türkmenistanyň çäginde, ýa-da dünýäniň islendik künjeginde peýdalanmak üçin, ulanyjylar Internete baglanýan týuner satyn alýarlar we köplenç halatda ýörite goşundylaryň kömegi bilen paýlaşylan kartlardaky telewizion kanallara tölegli görnüşde, ýöne “garakçylyk” ýoly bilen tomaşa etmek mümkinçiligine eýe bolýarlar.
Turkmen.news neşiri Türkmenistanda kart paýlaşma hyzmatlary arkaly hödürlenýän telekanallaryň aýlyk bahasynyň 15-20 manat aralygyndadygyny habar berýär.
“Ynha edil şol serwerler häzirki wagtda ýurduň çäginde petiklendi” diýip, neşir ýazýar.
Russiýadan hödürlenýän kart paýlaşma hyzmatlaryndan peýdalanýan türkmenistanlylar diňe rus mediasyna tomaşa edip bilýärler. Şeýle usul bilen, Russiýa Türkmenistanyň maglumat giňişligine belli bir derejede täsir etmek mümkinçiligine eýe bolýar.
Türkmenistanyň özüniň “Älem TV” hemra we onlaýn telewideniýe operatory, ýagny Russiýanyň “Telekarta” ulgamynyň ýa-da Türkiýäniň “Digiturk” ulgamynyň türkmen ekiwalenti, ulanyjylara Ýewropanyň, Aziýanyň, şol sanda Russiýanyň, Türkiýäniň, Özbegistanyň we Hindistanyň 120 töweregi telewizion kanalyny hödürleýär.
Türkmen metbugatyna görä, “Älem TW” ýerli ulanyjylara aýlyk 40 manada “Sada”, 50 manada “VIP” bukjalaryny hödürleýär.
Bu aralykda, turkmen.news neşiri häzirki wagtda türkmenistanly ulanyjylaryň “Express-80” sputnigi bilen bir hatarda “Hotbird” sputnik telekanallaryna-da tomaşa edip bilmeýändiklerini habar berýär. Maglumat üçin aýdylsa, “Hotbird” satellit ulgamy Azatlyk Radiosynyň radio kanalyny hem efire berýär.
“Häzirki wagtda Türkmenistanda ulanyjylar 80 gradusda Express’ we 13 gradusda Hotbird’ sputnik telekanallaryna tomaşa edip bilmeýärler. Adamlar Azatlyk Radiosynyň efirinden hem mahrum edildiler diýip, neşir ýazýar.
Azatlyk Radiosy öz efiriniň “Hotbird” arkaly Türkmenistanda elýeterliligi bilen bagly ýagdaýlary öwrenmäge çalyşýar.
Türkmenistanyň hökümeti öz raýatlarynyň söz azatlygyny, metbugat azatlygyny çäklendirmekde ýyllarboýy tankyt edilýär.
Türkmenistanyň döwlet telewideniýesi diňe döwlet syýasatyny wagyz etmek bilen borçlandyrylýar. Türkmen mediasy diňe Berdimuhamedowlary taryplamakda tankyt edilýär. Ýerli gepleşiklerden bez bolan raýatlar hususan-da rus we türk dillerinde efire berilýän telekanallara tomaşa etmegi saýlap alýarlar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.