Türkmenistanda KAMAZ-yň bäşinji hyzmat ediş merkezi açylar

Türkmenistanda KAMAZ-yň bäşinji hyzmat ediş merkezi açylar

Türkmenistan KAMAZ APJ bilen hyzmatdaşlygy has-da berkidýär. Häzirki wagtda Türkmenistanda ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda Russiýa Federasiýasynyň iri awtoulag öndürijisiniň on müňlerçesi ulanylýar, diýip, Neýtralny Turkmenistan gazetinde habar berilýär.

KAMAZ-yň ilkinji hyzmat ediş merkezi Aşgabat şäherinde 2008-nji ýylda açyldy. Soňra şeýle merkezler 2021-nji ýylyň noýabrynda Türkmenbaşy şäherinde, 2022-nji ýylyň sentýabrynda bolsa Mary we Türkmenabat şäherlerinde açyldy. 2023-nji ýylda bolsa Daşoguz şäherinde hem KAMAZ-yň hyzmat ediş merkezini açmak meýilleşdirilýär. Şeýlelikde, ýurtda bu kompaniýanyň hyzmat ediş merkezleriniň sany bäşe ýeter.

Ýeri gelende bellesek,2023-nji ýylyň başynda KAMAZ APJ-nyň ýolbaşçysy Sergeý Kogogin kompaniýa tarapyndan öndürilen iki sany elektrobusyň hem-de tiz kuwwatlandyryjy gurluşyň Türkmenistanyň çäginde synagdan geçirilýändigini mälim edipdi.

Şol elektrobuslar Aşgabatda geçirilen Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş atyl halkara forumyň çäginde görkezilişe çykaryldy.

Ýene degişli makalalar

“KAMAZ” Daşoguz welaýatynda tehniki hyzmat merkezini açmagy meýilleşdirýär
Türkmenistanyň Ulag-logistika merkezi APJ Özbegistandan Braziliýa ilkinji konteýner otlusyny ibermegi gurady
14.11.2020 | Birža täzelikleri
Türkmenistan we Çuwaşiýa Respublikasy özara eksport-import amallaryny artdyrmagy meýilleşdirýärler
Türkmenistanyň demirýolçylary Russiýa Federasiýasynyň "TRANSMAŞHOLDING" PJ bilen gepleşikleri geçirdiler
Türkmenistanyň we RF-iň Tatarystan Respublikasynyň wise-premýerleri hyzmatdaşlygyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar