Türkmenistanda käbir kompaniýalara hökmany audit ýatyryldy

Türkmenistanda käbir kompaniýalara hökmany audit ýatyryldy

Türkmenistanda ýyllyk girdejisi 1 million manatdan az bolan kompaniýalar üçin hökmany audit ýatyryldy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow tarapyndan ýekşenbe güni gol çekilen “Auditorçylyk işi hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda Türkmenistanyň Kanuny çarşenbe güni döwlet gazetinde çap edilmegi bilen güýje girdi.

Üýtgetmelere görä, paýdarlar jemgyýetleri, hojalyk jemgyýetleri we bilelikdäki kärhanalar indi diňe bir ýylyň dowamynda girdejisi Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen durmuş töleglerini we beýleki tölegleri, salgytlary, ýygymlary hasaplamak üçin binýatlyk mukdarynyň ýigrimi müň essesi möçberinde we şondan ýokary bolan halatynda hökmany auditden geçmeli.

Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda, binýatlyk mukdar 50 manada deňdir.

“Auditorçylyk işi hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň 23-nji maddasyna hem goşmaça girizildi. Girizilen goşmaça kompaniýalara audit geçirilenden soňra gözegçilik edýän (barlag geçirýän) edaralar tarapyndan onuň maliýe-hojalyk işinde ýüze çykarylan, ýöne auditiň barşynda ýüze çykarylmadyk düzgün bozmalaryň netijesinde ýetirilen zyýanyň öweziniň dolunmagyny talap etmäge mümkinçilik berýär.

“Auditorçylyk işi hakynda” Türkmenistanyň Kanuny 2014-nji ýylda kabul edildi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň banklary tarapyndan audit barlaglary boýunça halkara bäsleşikler yglan ediler
Toyota dünýäde satuwy boýunça Volkswagen-den 1 mln ulag öňe geçdi
Hytaýda Huawei-iň çykarjak krossoweriniň şekilini görkezdiler
Türkmenistanyň Prezidenti birnäçe kanunlara gol çekdi
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň mejlisi
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň mejlisi