Türkmenistanda iýuldan Bakuwda geçiriljek COP29 maslahatyna ulgamlaýyn esasda taýýarlyk başlanar

Türkmenistanda iýuldan Bakuwda geçiriljek COP29 maslahatyna ulgamlaýyn esasda taýýarlyk başlanar

28-nji iýunda sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow howanyň üýtgemegi babatda Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler barada döwlet Baştutanyna hasabat berdi. Bu barada TDH habar berýär.

Hasabatda bellenilişi ýaly, türkmen döwleti ählumumy gün tertibiniň strategik taýdan möhüm meselelerine, hususan-da, howanyň üýtgemegi bilen bagly meselä aýratyn üns berýär.Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 28-nji maslahatynda (COP28) Türkmenistanyň Prezidenti bu ugurda möhüm başlangyçlary öňe sürdi.

Häzirki wagtda olary amala aşyrmak boýunça degişli işler geçirilýär.Bellenilişi ýaly, 2022-nji ýylyň maýynda döwlet Baştutanynyň Karary bilen, howanyň üýtgemegi boýunça Pariž ylalaşygy esasynda Türkmenistanyň Milli derejede kesgitlenen goşandy (NDC) tassyklanylyp, ony durmuşa geçirmek boýunça yzygiderli çäreler görülýär. Şol bir wagtda, BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasynyň esasynda Türkmenistanyň 4-nji milli hasabatyny taýýarlamak işleri jemlenilýär we şu ýylyň ahyryna çenli bu hasabaty agzalan Konwensiýanyň Sekretariatyna ibermek göz öňünde tutulýar.

Şu ýylyň 11 — 22-nji noýabry aralygynda Azerbaýjan Respublikasynyň Baku şäherinde Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 29-njy maslahaty (COP29) geçiriler. Onuň dowamynda howanyň üýtgemegi bilen bagly meseleleriň giň toplumyna serediler we degişli hasabatlar diňleniler. Şunuň bilen baglylykda, Prezident Serdar Berdimuhamedowyň möhüm başlangyçlaryna esaslanyp, bu ulgamda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça birnäçe teklipler taýýarlanyldy.

COP29-a türkmen wekiliýetiniň gatnaşmagy boýunça indiki aýdan ulgamlaýyn esasda taýýarlyk işlerine başlamak hem-de 22-nji iýulda Daşky gurşawy goramak meseleleri boýunça pudagara komissiýanyň çäginde döredilen iş toparynyň nobatdaky mejlisini geçirmek teklip edilýär. Bu mejlisiň netijeleri boýunça Türkmenistanda parnik gazlarynyň zyňyndylaryny azaltmak we howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak boýunça täze taslamalary işläp taýýarlamak maksadalaýyk hasaplanýar.

Şu ýylyň noýabrynda Bakuwda geçiriljek Howanyň üýtgemegi boýunça ýaşlaryň 19-njy maslahatynyň (COY19) öňüsyrasynda sentýabrda Türkmenistanyň ähli welaýatlarynda hem-de Aşgabat şäherinde howanyň üýtgemegi boýunça ýaşlar maslahatlaryny guramak teklip edilýär.

Mundan başga-da, şu ýylyň noýabrynda Aşgabatda BMG-niň howandarlygynda bu guramanyň Azyk we oba hojalyk guramasy, Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy, Bütindünýä azyk maksatnamasy, BMG-niň Çagalar gaznasy bilen bilelikde howanyň üýtgemegi şertlerinde azyk howpsuzlygy boýunça halkara maslahaty guramak baradaky teklip beýan edildi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, howanyň üýtgemegi bilen bagly halkara tagallalara türkmen döwletiniň goşandynyň möhüm bolup durýandygyny belledi. Türkmenistan bu ugurda halkara we milli derejede maksada okgunly işleri alyp barýar.

Döwlet Baştutany şular barada aýtmak bilen, hödürlenen teklipleri goldady we wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredowa degişli tabşyryklary berdi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasy: ählumumy parahatçylygyň we rowaçlygyň bähbidine
Tüтrkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Ählumumy metan borçnamasy boýunça 2025-2026-njy ýyllar üçin Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlygyny berkitmekde Ýol kartasy işlenip taýýarlandy
Türkmenistanyň Prezidentiniň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisindäki çykyşy
Türkmenistanyň gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri babatda 2025 — 2030-njy ýyllar üçin halkara hyzmatdaşlygyny berkitmek boýunça meýilnama işlenip taýýarlanar
Türkmenistan gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri babatda halkara hyzmatdaşlygyny berkidýär