Türkmenistanda azyk önümleriniň bahasy birden ýokarlandy. Şeýle-de, ilata azyk elýeterliligi iýmit önümleriniň ýetmezçiligi we nobatlar bilen hem çäklendirilýär. Azatlygyň habarçylarynyň we garaşsyz metbugat neşirleriniň maglumatlaryna görä, bahalaryň şu günki ýokarlanmagy 10% -dan 400% -e çenli baryp ýetýär.
Bahalaryň ýokarlanmagy ilki bilen çörege degişli. Döwlet dükanlarynda çöregiň subsidirlenen bahasy 0,6 manatdan 2,5 manada ýetip, birnäçe esse ýokarlandy. Dükanlaryň köpüsinde çörek hut şu bahadan satylýar. Habarçylaryň sözlerine görä, käbir dükanlarda satyjylar 16-njy fewraldan soň öňki bahanyň doly ýatyryljakdygyny habar berdiler.
Şeýle-de bolsa, Azatlygyň habarçylary çöregiň 60 teňňelik öňki bahasynyň bölekleýin saklanjakdygyny anykladylar. Olar bu bahadan çagalar baglaryny, harby bölümlerdäki esgerleri üpjün etmek üçin çörek paýlanjagyny aýdýarlar.
Çöregiň käbir görnüşleriniň täjirçilik bahalary hem ortaça iki esse ýokarlandy.
"Türkmenistanyň Hronikasy" neşiri 10-njy etrapçada ýerleşýän çörek bişirýän kärhanada 1 manatlyk tamdyr çöreginiň bahasynyň iki esse ýokarlanandygyny habar berdi.
"Turkmen.news" Aşgabatdaky döwlet dükanlarynyň bir hepde bäri tamdyr çöregini 1 manatdan satmaýandygyny habar berdi. Muňa derek, müşderilere peçlerde bişirlen 2,5 manatlyk çörek ýa-da şol bahadan buhanka çöregi hödürlenýär diýip, neşir belleýär.
Çöregiň bahasynyň görlüp-eşidilmedik derejede ýokarlanmagy Halk Maslahatynyň häkimiýet çalyşygy baradaky karary yglan eden gyssagly ýygnagyndan soň başlandy.
Duşuşykdan we yzýany yglan edilen möhletinden irki prezidentlik saýlawlaryndan soň azyk önümleriniň köpüsi gymmatlady.
"Türkmenistanyň Hronikasy" neşriniň habar berşi ýaly, Halk Maslahatynyň öňüsyrasynda biraz arzanladylan önümleriň bahasy ýygnakdan soň galypdyr. 11-12-nji fewral günlerde bazarlarda we hususy dükanlarda bir kilo kartoşkanyň bahasy 5 manat, pomidor we hyýar ýaly gök önümleriň bahasy - 5-6 manat we sygyr etiniň bir kilogramy - 65 manat bolan bolsa, ýygnakdan soň kartoşkanyň bahasy 9 manada, hyýaryň we pomidoryň bahasy 12-13 manada, sygyr eti bolsa 70 manada çenli ýokarlanypdyr.
Süýt önümleri hem gymmatlapdyr.
Bahalaryň häzirki ýokarlanmagy, 2017-nji ýyldan bäri dowam edýän krizis şertlerinde ýaşaýan ilatyň aglaba köplüginiň ýagdaýyny agyrlaşdyrýar. Soňky ýyllarda pandemiýanyň arasynda azyk ýetmezçiligi hasam erbetleşdi we adamlaryň girdejileri azaldy.
Hökümet bolup geçýän zatlara üns bermezligini dowam etdirýär. Halk Maslahatynyň ýygnagyndan türkmen hökümeti ýene-de ykdysady ösüşiň bardygyny aýdyp, ýokary görkezijileri öňe sürdi.
Bu aralykda, hatda paýtagtda-da çörek satyn almak köpler üçin möhüm meselä öwrüldi. Häkimiýetler nobatlary gizläp, çöregi gijelerine satýar, subsidirlenen bahadan çörek gysga wagtyň içinde satylýar we polisiýa gaýtadan nobata durýan hem bellenilen normadan artyk çörek satyn almaga synanyşýan alyjylary yzarlaýar. Her bir müşderä 3-den köp pes hilli çörek satyn almaga rugsat berilmeýär.
Azatlygyň habarçysy Aşgabadyň dükanlarynyň birinde satyn alnan çöregiň suratyny iberdi.
"Çörek daşyndan däl-de, içinden zaýalanýar. Adatça, çörek içinde heň peýda bolmanka iýilýär. Men synag üçin bir çöregi goýup gördüm. Häkimiýetler hatda adamlara şeýle çöregi hem berip bilmeýärler" - diýip, habarçy aýdýar.
Örän pes hiline garamazdan, şeýle çöregi satyn almak üçin-de adamlar birnäçe sagatlap dükanlaryň öňünde nobata durmaga mejbur bolýarlar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.