Soňky birnäçe günüň dowamynda Türkmenistanda Internetiň hiliniň pese gaçandygyny, Azatlyk Radiosynyň ýurt içindäki habarçylary habar berýärler. “Türkmenistanda Internetiň hili duýdansyz pese gaçdy.Onuň tizligi örän haýal.Internetiň hili ýaramazlaşanda, VPN-den peýdalanyp bolmaýar.
VPN bolmasa, diňe Türkmenistanyň websaýtlaryna girip bolýar.Azatlyk Radiosynyň websaýtyna we beýleki saýtlara, şeýle-de sosial ulgamlara girip bolmaýar. Ýagdaý gün-günden ýaramazlaşýar” diýip, howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli anonim şertde maglumat beren habarçy 13-nji awgustda gürrüň berdi.
Türkmenistanyň tas ähli welaýatlarynyň ençeme ýaşaýjysy bilen söhbetdeş bolan habarçy Internetiň hiliniň Aşgabatda birneme oňuşarlyklydygyny, ýöne Daşoguzda, Lebapda we Balkanda VPN hyzmatlaryndan düýbünden peýdalanyp bolmaýandygyny aýdýar.Azatlyk Radiosynyň ýurt içindäki habarçylarynyň we çeşmeleriniň ençemesi Internetiň hiliniň birden pese gaçmagynyň Türkmenbaşyda geçirilýän halkara çäre, ýagny Birinji Hazar ykdysady forumy bilen baglanyşykly bolmagynyň ähtimaldygyny çaklaýarlar. Ýöne olar munuň resmi taýdan tassyklanmaýandygyny, şol bir wagtda inkär hem edilmeýändigini belleýärler.
Azatlyk Radiosynyň ýurduň çäklerinde Internetiň üpjünçiliginiň pese gaçmagy we onuň sebäpleri barada Türkmenistanyň “Türkmenaragatnaşyk” agentligi bilen habarlaşyp, kommentariý almak boýunça eden synanyşyklary häzirlikçe netije bermedi. Ýöne Türkmenistanda Internetiň hiliniň pesdigini 11-12-nji awgustda ýurduň Türkmenbaşy şäherinde geçirilen Birinji Hazar ykdysady forumyna gatnaşan daşary ýurtly myhman hem tassyklady.
Bu barada Azatlyk Radiosy bilen anonim şertde söhbetdeş bolan daşary ýurtly myhman 13-nji awgustda gürrüň berdi. “Internetiň tizligi gaty pesdi.Aýylgançdy diýsek-de boljak.Myhmanhanalarda Wi-Fi hyzmaty bardy, ýöne hiç bir saýta, şol sanda Facebooka girip bilmedik.
Internet diňe ýygnagyň geçirilen Mejlisler zalynda birneme güýçlidi. Şol ýerde Internetden bir az peýdalanyp bildik.Roaming işlemedi.VPN hem işlemeýärdi” diýip, daşary ýurtly myhman Azatlyk Radiosyna gürrüň berdi.
Türkmenistanda Internetiň üpjünçiliginiň ýaramazlaşandygy barada “Türkmen.news” neşiri hem habar berdi.Neşir özüniň 12-nji awgustda çap eden habarynda bu ýagdaýyň takmynan iýul aýynyň 20-lerinden bäri dowam edýändigini aýdyp, munuň prezidentiň ölendigi barada çykan tassyklanmadyk maglumatlaryň ýaýran mahalyna gabat gelendigini belleýär. “Adamlar prezidentiň ölendigini öňe sürýän wideolary görmek üçin YouTube saýtyna, şeýle-de garaşsyz neşirlere we sosial saýtlara köpçülikleýin girmäge synanyşýarlar. Ýöne diňe käbir adamlar işleýän VPN tilsimlerini tapyp bilýärler.
Bu saýtlaryň tas ählisi diýen ýaly petikli” diýip, neşir Aşgabatdaky çeşmesine salgylanýar.Soňky aýlarda Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýurduň tas ähli “pudaklaryny innowasiýa taýdan ösdürmegiň, olaryň işine sanly tehnologiýalaryň we öňdebaryjy ylmy gazanylanlaryň ornaşdyrylmagynyň zerurdygyny”, şeýle-de “sanly ulgam” we “sanly ykdysadyýet” ýaly aňlatmalary ýygy-ýygydan tekrarlaýar. Şeýle-de, şu ýylyň 7-nji martynda geçirilen hökümet maslahatynda Berdimuhamedow wise-premýerlere ýurduň orta we ýokary okuw mekdeplerini internet ulgamyna birikdirmegi çaltlandyrmagy tabşyrdy. Şol bir wagtyň özünde, halkara guramalarynyň hasabatlarynda we derňewlerinde Türkmenistan Internetiň hili boýunça iň pes, bahasy boýunça iň gymmat ýurtlaryň hatarynda agzalýar.
Repressiw ýurtlar barada habarlary çap edýän, garaşsyz maglumat serişdelerine digital howpsuzlyk hyzmatlaryny hödürleýän hökümete degişli bolmadyk “Qurium Media Foundation” şwed guramasynyň geçiren soňky barlaglaryna görä, türkmen hökümeti köp sanly meşhur onlaýn habar saýtlaryny we sosial media ulgamlaryny petikli saklaýar.
Bu guramanyň şu ýylyň iýul aýynda çap edilen barlagynda Türkmenistanda BBC, Reuters ýaly çeşmeleriň saýtlaryny we sosial ulgamlary öz içine alýan azyndan 133 saýtyň petikli bolmagynda galýandygy aýdylýar. 2018-nji ýylyň 1-nji awgustynda Cable.co.uk saýtynyň analitikleriniň jemi 200 ýurtda ilata hödürlenýän Internetiň tizligini hasaplamak boýunça geçiren barlaglarynyň netijesinde Türkmenistan 198-nji orunda ýerleşdirildi.
Internet hyzmatlary boýunça amerikan guramasy bolan “Akamai Technologiesyň” 2017-nji ýyldaky maglumatlaryna görä, Türkmenistanda ilatyň 20 prosentinden hem az bölegine Internet elýeterli.Deňeşdirmek üçin aýtsak, bu görkeziji dünýäniň ykdysady taýdan ösen we baý ýurtlarynyň köpüsinde 90 prosentden hem ýokarda bolup durýar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz.Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.