Dünýädäki iň gymmat we haýal Internetiň bardygy aýdylýan Türkmenistanda “çäklendirilmedik Internet” hyzmatyna ýeňillikli nyrhnamalar girizildi.
Ýurtdaky ýeke-täk Internet prowaýderi “Türkmentelekomyň” resmi websaýtynda ýerleşdirilen bildirişe görä, 256 kb/s tizlikli çäklendirilmedik internetiň bir aýlyk müşderi tölegi 135 manat bolupdyr. Internetiň bu hyzmaty ozal 190 manada deňdi.
Bellemeli ýeri, bu hyzmata birikdirilmek isleýän raýatlara diňe üç hepde töweregi wagt berlipdir. “Türkmentelekomyň” bildirişinden mälim bolşy ýaly, ýeňillikli nyrhnama diňe şu ýylyň 5-nji oktýabryndan 10-njy oktýabryna çenli elýeterli bolar.
“Türkmentelekomyň” degişli wekliniň Azatlyk Radiosyna aýdyňlaşdyrmagyna görä, ozaldan “çäklendirilmedik Internetden” peýdalanýan ýa-da bu hyzmata birikdirilmek isleýän raýatlar diňe gürrüňi gidýän wagt araçäginde ýeňilleşdirilen nyrhnama tarifine geçip bilerler. Ýagny, 10-njy oktýabra çenli tarifini üýtgetmedik ýa-da oňa birikmedik raýatlar mundan soň, ozalky nyrhy aýlyk 190 manady tölärler.
“Türkmentelekomyň” wekili ýeňilledilen nyrhnama geçmek üçin wagt araçäginiň girizilmeginiň sebäpleriniň özüne hem mälim däldigini aýdyp, goşmaça maglumat berip bilmedi.
Galyberse-de, Azatlyk Radiosynyň ýerli çeşmeleri bilen söhbetdeş bolýan raýatlar gürrüňi gidýän Internet hyzmatynyň 55 manat möçberinde azaldylmagyna garamazdan, oňa birikmäge maliýe taýdan mümkinçilikleriniň ýokdugyny aýdýarlar.
“Gaty gymmat. 800 manat aýlygym bilen ol Interneti çekdirip biljek däl. Üstesine-de, bir saýt açylsa, biri açylanok” diýip, 30 ýaşlaryndaky Aşgabadyň ýaşaýjysy Çary (ady üýtgedilen red.) aýdýar.
Çarynyň hem belleýşi ýaly, Türkmenistanda Internet hökümetiň berk gözegçiliginde saklanýar. Facebook, Twitter, Wkontakte ýaly sosial ulgamlaryň we garaşsyz maglumatlary çap edýän, şol sanda Azatlyk Radiosynyň websaýtlary hem petikli bolmagyna galýar.
Mundanam başga, häkimiýet daşary ýurt habar serişdeleri bilen hyzmatdaşlyk saklaýanlary, graždan aktiwistlerini we öz pikirini aýtmaga gaýrat tapýanlary yzarlamagy we olara basyş etmegini dowam etdirýär.
Türkmenistan media azatlygy boýunça halkara hasabatlarynda ýyldan-ýyla iň soňky orunlarda ýerleşdirilip, prezident Gurbanguly Berdimuhamedow-da “Serhetsiz reportýorlar” guramasy tarapyndan “Internetiň ganym duşmany” diýlip atlandyryldy.
Şol bir wagtda, türkmen resmileri Türkmenistanda informasion Internet saýtlarynyň petiklenýändigi baradaky maglumaty ret edip, diňe pornografiýa maksatly saýtlara girişleriň ýapylýandygyny öňe sürýärler.