21-nji maýda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde wise-premýer G.Müşşikow degişli maksatnama laýyklykda, intellektual eýeçiligi goramagyň ulgamyny, ugurdaş döwlet edaralarynyň işini täzeçil usulda kämilleşdirmek boýunça durmuşa geçirilýän çäreler barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, intellektual eýeçiligiň desgalaryny goramak boýunça Pudagara topary döretmek hakynda Kararyň taslamasy taýýarlanyldy.
Maliýe we ykdysadyýet ministrligi tarapyndan birnäçe düzümler bilen bilelikde, onuň Düzgünnamasy taýýarlanyldy we esasy wezipeleri hem-de amala aşyrmaly işleri, düzgün bozulmalarynyň öňüni almak boýunça teklipleri işläp taýýarlamak wezipesi kesgitlenildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, intellektual eýeçiligiň desgalarynyň goralmagyna gönükdirilen işleriň esasynda toplumlaýyn çäreleriň durmuşa geçirilmeginiň wajypdygyny belledi. Bu pudagyň ösdürilmegi Türkmenistanyň dünýä hojalyk gatnaşyklary ulgamyna goşulyşmagynyň we bu ugurda döwlet syýasatynyň yzygiderli amala aşyrylmagynyň möhüm şerti bolup durýar.
Hormatly Prezidentimiz Karara gol çekip, ony sanly ulgam arkaly wise-premýere iberdi hem-de öňde durýan işleriň möhüm ugurlaryna aýratyn ähmiýet bermegi tabşyrdy.
Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi