Türkmenistanda import önümleriň öwezini doldurmaly birnäçe zawod açyldy

TDH habar gullugy 16-njy maýda azyk senagaty pudagynda import edilýän harytlaryň öweziniň doldurmagyny ýola goýjak täze desgalaryň açylandygyny habar berdi.

Hususan-da, Çekir obasynda ýylda miwe-bakja önümleriniň 1 million banka çemesindäki konserwasyny öndürmeli zawod açyldy. Zawodyň çig maly ilatdan we hojalyklardan şertnama esasyna satyn alnar.

Mary welaýatynda guşçulyk toplumyny işe girizdiler, TDH-nyň maglumatyna görä, bu toplumda ýylda 5 million ýumurtga we 500 tonna towuk eti öndüriler. Şeýle-de, toplumyň önümleriniň diňe ýurt içindäki bazarda ýerlenmän, “Kekeç” söwda markasy astynda daşary ýurtlara eksport ediljekdigi hem bellenýär.

Murgap etrabynda gurlan maldarçylyk toplumy plan boýunça ýylda 100 tonna süýt we 100 tonna et öndürmeli. Şunuň ýaly ýene bir toplum Ahal welaýatynyň Tejen etrabynda açyldy we ol ýylda 3 müň tonna süýt, 100 tonna et öndürmeli.

Belleýäris, 2017-nji ýylyň aýagynda ýurtda esasy azyk önümleriniň, ýumurtganyň,ýagyň, unuň we şekeriň ýetmezçiligi duýuldy. Şondan soň prezident Gurbanguly Berdimuhamedow ýurtda “azyk bolçulygyny üpjün etmegi buýurdy.

Döwlet baştutany 2017-nji ýylyň 9-njy dekabrynda Azyk howpsuzlygy boýunça döwlet komissiýasyny döretmek baradaky karara gol çekdi.

Ýene degişli makalalar

KITAPHANA SYNY
Azmun Baýer bilen Ýewroligadaky ilkinji duşuşygyna gatnaşdy, Barselona öz meýdanynda ýene ýeňip bilmedi we başga netijeler
Çempionata öýünde tomaşa etjek ýyldyzlar
Transfer täzelikleri
Diňe “Ýuwentus” galdy
Iňlis toparlary italýan toparlaryndan öňe saýlandy