Türkmenistanda ilkinji ýel we gün elektrik stansiýasyny gurjak kompaniýa seçilip alyndy

Türkmenistanda ilkinji ýel we gün elektrik stansiýasyny gurjak kompaniýa seçilip alyndy

Hökümetiň şu gün geçirilen mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Purçekow döwlet Baştutanyna ýurdumyzda gaýtadan dikeldilýän energetikany ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

2019-njy ýylyň aprel aýynda tassyklanan “Altyn asyr” Türkmen kölüniň sebitini 2019 — 2025-nji ýyllarda özleşdirmegiň Konsepsiýasyny durmuşa ornaşdyrmak boýunça çäreleriň Meýilnamasyna” laýyklykda, Balkan welaýatynyň Serdar etrabynyň çäginde kuwwatlylygy 10 megawat bolan köpugurly Gün we ýel elektrik stansiýasyny gurmak göz öňünde tutulýar.

Desga ekologiýa taýdan arassa elektrik energiýasyny öndürmek bilen, “Altyn asyr” Türkmen kölüniň töwereginde peýda boljak ilatly ýerlerde sarp edijileri elektrik energiýasy bilen ygtybarly we bökdençsiz üpjün eder.Munuň özi ýurdumyzyň taryhynda täsin taslamadyr.

Bu taslamanyň amala aşyrylmagy pudagyň kuwwatlyklaryny artdyrmaga, şu ugur boýunça milli hünärmenleri taýýarlamaga, täze iş orunlaryny döretmäge mümkinçilik berer. Şunuň bilen baglylykda, Energetika ministrligi tarapyndan ýokarda agzalan desgany ulanmaga doly taýýar edip gurmak hem-de “Serdar” elektrik bekedinden 110 kilowolt güýjenmeli elektrik geçirijisini gurmak üçin enjamlary we serişdeleri satyn almak barada halkara bäsleşik geçirildi.

Bäsleşigiň jemleri boýunça Türkiýe Respublikasynyň “Çalik Enerji Sanayi we Ticaret A.Ş.” kompaniýasynyň teklibi seçilip alyndy.

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, bu meseläniň ýurdumyzyň elektrik energetikasy pudagynyň kuwwatyny artdyrmak we düzümini döwrebaplaşdyrmak babatda alnyp barylýan giň gerimli işler üçin ähmiýetiniň örän uludygyny nazara almak bilen, bu ugurda alnyp barylýan işleri dowam etmegi tabşyrdy.

Döwlet Baştutany “ýaşyl” energiýanyň mümkinçiliklerinden peýdalanmak boýunça taslamalaryň örän zerurdygyny aýdyp, daşky gurşawa zyýan ýetirmeýän, ykdysady taýdan bähbitli alternatiw energetika desgalarynyň gurluşygynyň göz öňünde tutulan meýilnamalaryň ählisiniň, şol sanda “Altyn asyr” Türkmen kölüniň sebitinde ekologik abadançylygy üpjün etmek baradaky meýilnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegine ýardam etjekdigini nygtady.

Ýene degişli makalalar

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-ýapon komitetiniň 15-nji mejlisinde birnäçe resminama gol çekildi
Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-ýapon komitetiniň mejlisi
Türkmenistanda guruljak ilkinji Gün we ýel elektrik stansiýanyň mümkinçilikleri seljerildi
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Türkmenistanyň döredijilik we parahatçylyk söýüjilik kuwwatynyň artmagy Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmegiň esasydyr
Aşgabadyň gününe bagyşlanan halkara sergide şähergurluşygynyň iň täze gazananlary görkezildi
Çalik Enerji Sanaýi we Tijaret A.Ş. kompaniýasy Gün we ýel elektrik stansiýasy gurar