TurkmenExporters.com.tm eksport platformasy Türkmenistanda ilkinji gezek täze hyzmaty Harytlaryň Gümrük Koduny (HS Codes) onlaýn anyklamak mümkinçiligini ýola goýýar.
HS Codes Harytlaryň Gümrük Kodlary halkara bazaryndaky klassifikasiýa ulgamyny özünde jemleýär.Adatça alty sandan ybarat bolan (käbir ýurtlarda 7-den 10-a çenli) bu kod harytlar eksport ýa-da import edilende resminamada görkezilýär.
Harytlaryň Gümrük Kodlaryna (HS Codes) laýyklykda, harytlar niýetlenilişine görä (egin eşik, tehnika we ş.m), şeýle-de ykdysady pudagyna laýyklykda bölünýär (dokma senagaty, azyk önümleri we beýlekiler).
Gümrük tölegleriniň mukdary, gümrük deklarasiýasynyň işi, önümiň sertifikatlaşdyrylmagy üçin talaplar, önümiň we onuň gaplanyşynyň tehniki düzgünlere laýyk gelmegi we beýlekiler ýaly faktorlar Harytlaryň Gümrük Koduna (HS Codes) baglydyr. Harytlaryň
Gümrük Kodunyň (HS Codes) nädogry görkezilmegi gümrük taýdan resmileşdirmegiň gijikdirilmegi, jerimeler we hatda kontrabanda hem-de ýüküň ele salynmagy bilen baglanyşykly şübheler ýaly dürli müşgilliklere sebäp bolup bilýär.
Amatly Teklipler bölümi:
Ýaňy-ýakynda kompaniýanyň saýtynda Ugradylmaga taýýar harytlar hem-de Ýüklemek üçin boş ýük ulaglary diýen iki sany bölüm açyldy.Bularyň birinjisinde türkmen öndürijileriniň amatly bahalardan eskport edýän harytlarynyň uly tapgyry barada maglumatlar ýetirilýär.
Boş ýük ulaglary diýen bölüm bolsa, hem eksportçylar, hem importçylar üçin ähmiýetlidir: ol Türkmenistandan daşary ýurtlara, şeýle-de daşary ýurtlardan Türkmenistana haryt tapgyryny daşamak üçin boş ulag serişdesini dessine tapmaga ýardam edýär.
TurkmenExporters.com.tm platformasy 2017-nji ýylda türkmen eksportçylarynyň we importçylarynyň bitewi maglumatlar binýadyny döretmek, Türkmenistanyň eksport edilýän harytlarynyň daşary ýurtlara çykarylmagyny ilerletmek we önüm öndüriji bilen müşderiniň arasyndaky hyzmatdaşlyga ýardam etmek maksady bilen işe girizildi.
Türkmenistanda öňdebaryjy onlaýn eksport platformasy bolmak bilen, TurkmenExporters.com.tm dünýäniň işewürlik jemgyýetine Türkmenistan barada iň täze we ygtybarly söwda maglumatlaryny ýetirýär.
Eksport platformasynyň habarlaşmak üçin salgylary: