Türkmenistanda ilatyň we ýaşaýyş jaý gorunyň uçdantutma ýazuwy başlandy

Türkmenistanda ilatyň we ýaşaýyş jaý gorunyň uçdantutma ýazuwy başlandy

Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararyna laýyklykda, “Ilat ýazuwy — 2022: Jebislik. Bagtyýarlyk. Röwşen geljek” şygary bilen ýurdumyzda şenbe güni ilatyň we ýaşaýyş jaý gorunyň uçdantutma ýazuwy başlady.

On bir gün dowam etjek ilat ýazuwynyň esasy wezipesi ýurdumyzyň ilatynyň demografik düzümi, durmuş-ykdysady ýagdaýy barada anyk maglumatlary almakdan ybaratdyr.Bu maglumatlar döwlet syýasatyny işläp taýýarlamak, meýilnamalaşdyrmak hem-de dolandyrmak üçin möhüm ähmiýete eýedir.

Ilatyň sanynyň bölünişi hem-de häsiýetnamalary baradaky maglumatlar döwletimiziň mundan beýläk-de ösmegi, abadançylygy we halkymyzyň durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagy üçin ygtybarly binýady goýmaga mümkinçilik berer.Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Habarda bellenilişi ýaly, bu ilat ýazuwy ilkinji gezek sanly tehnologiýalaryň peýdalanylmagy arkaly geçiriler.Ilat ýazuwynyň geçirilýän döwründe maglumatlary ýygnamak, işlemek hem-de ýaýratmak işlerinde häzirki zaman enjamlary we programma üpjünçiligi peýdalanylar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasy hem-de onuň ýöriteleşdirilen edaralary, şol sanda Ilat gaznasy (UNFPA), BMG-niň Statistika bölümi we beýleki ugurdaş düzümleri bilen netijeli hyzmatdaşlyk edýär.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň beren maglumatlaryna görä, şu ýylyň aprel aýynda ýurdumyza gelen BMG-niň Bilermenler topary Türkmenistanyň “Ilat ýazuwy — 2022-ä” görýän taýýarlygyna ýokary baha berip, ýurduň bu çäräni halkara kadalara doly laýyklykda geçirmäge ygrarlydygyny nygtadylar.

Raýatlaryň ilat ýazuwyna gatnaşmaklary meýletinlik ýörelgesine esaslanýar, emma şonuň bilen birlikde ýurdumyzyň her bir ýaşaýjysy bu çäräniň jemgyýetçilik ähmiýetine anyk düşünmelidir, raýat jogapkärçiligini duýmalydyr diýip, Türkmenistanyň resmi metbugaty ýatlatýar.

Şeýle hem Birleşen Milletler Guramasy ilat ýazuwyny on ýylda azyndan bir gezek geçirmegi maslahat berýär. Munuň özi jemgyýetiň düzüminde bolup geçýän üýtgeşmeler barada maglumatlary almak üçin zerurdyr.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň wekiliýeti Türkiýäniň ilat statistikasy tejribesini öwrenýär
Aşgabatda ýaşlaryň arasynda welosipedli ýöriş geçirildi
Hindistan ilat sany boýunça dünýäde birinji orna çykdy
Ilatynyň sany barada 15 ýyl dymýan Türkmenistan nobatdaky ilat ýazuwyny geçirdi
Ilat ýazuwynyň geçirilişinde bidüzgünçilikler ýüze çykýar 
Türkmenistanda ilatyň we ýaşaýyş jaý gorunyň uçdantutma ýazuwy başlandy