Türkmenistanda ilat bu ýyl Täze ýyly häkimiýetleriň berk gözegçiligi astynda öçügsi bellemeli boldy.Aşgabatda baýramçylyga mahsus haýwanlaryň keşblerine giren ýa-da maskalary dakynan raýatlar, suratçylar polisiýa tarapyndan tussag edildi.
Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde bolsa, polisiýa öýlere aýlanyp, ilaty köçelerde baýramçylyga mahsus çäreleri geçirmezlik baradaky duýduryşa gol çekmäge mejbur etdi.Bu ýagdaýlar barada Azatlyk Radiosynyň habarçylary 2-nji ýanwarda paýtagtdan we Lebapdan maglumat berdiler.
“Paýtagtda döwlet tarapyndan tassyklanan ýerlerde, ýagny döwlet sirkiniň garşysynda, Ylham’ seýilgähinde, Älem’ dynç alyş merkezinde täze ýyl arçalary oturdyldy we bezeldi. Şäheriň galan ýerlerinde, köçelerde baýramçylygyň şowhuny juda çäklendirildi” diýip, paýtagtdaky habarçymyz belledi.
Aşgabatda köp sanly dron uçurylyp, şähere ýokardan, onlaýn wideo gözegçilik edildi.
“Kimiň näme edip ýöränligi gözegçilik astynda saklandy. Ilat üýtgeşik hereket eden bolsa, polisiýa işgärlerine nirä barmalydygy we kimiň saklanmalydygy barada görkezme berildi” diýip, ýagdaýlardan habarly aşgabatly ýaşaýjy anonim şertde gürrüň berdi.
Öňki ýyllardan tapawutlylykda, bu ýyl köçelerde baýramçylyga mahsus haýwanlaryň keşblerine giren ýa-da olaryň keşbindäki maskalary dakynan raýatlar, olary surata düşürýän suratçylar polisiýa tarapyndan saklandy.
“Bu ýyl hem Täze ýyl ertekileriniň baş gahrymanlarynyň, şol sanda Aýazbabanyň, Garpamygyň, 2023-nji ýylyň nyşany bolan towşanyň we 2024-nji ýylyň nyşany bolan luwuň, ýagny balygyň keşbini geýip, şäheriň köçelerine çykan adamlar we ilaty olar bilen surata düşürýän suratçylar, ýönekeý baýramçylyk maskalaryny dakynan raýatlar tussag edildi.
Polisiýa işgärleri olaryň golundan penjeläp tutup, gödeklik bilen dyzanakladyp, polisiýa ulagynyň gözenekli arka gapysyna ýükläp, polisiýa bölümlerine alyp gitdiler” diýip, şeýle wakalara şaýat bolan ýerli ýaşaýjy gürrüň berdi.
Habarçymyzyň maglumatyna görä, bu raýatlar jemgyýetçilik düzgünini bozmakda aýyplanyp, polisiýa bölümleriniň gözenekli otaglarynda saklanýar.
“Olara dynç günleri gutaryp, edara işgärleri işe başlap, degişli sülçüler olaryň düzgün-tertip bozmalaryna seredip, olara garşy administratiw temmi çykarýança, gözenekli otaglarda oturmaly boljakdyklary aýdylypdyr” diýip, hossarlarynyň biri polisiýa tarapyndan saklanan ýerli ýaşaýjy anonim şertde gürrüň berdi.
Bu ýyl Täze ýylyň şowhuny Türkmenabatda hem pes boldy. Muňa ýerli polisiýa işgärleriniň öýlere aýlanyp, ilaty köçelerde baýramçylyga mahsus çäreleri geçirmezlik baradaky duýduryşa gol çekmäge mejbur etmegi sebäp boldy.
“29-30-njy dekabrda polisiýa işgärleri şäheriň Amul, Dostluk, Talhanbazar etrapçalaryndaky öýlere ýekeme-ýeke aýlandylar. Olar ilata köçelerde ot ýakmagyň, feýrweýkleri we beýleki partlaýjy jisimleri atmagyň gadagandygyny berk duýdurdylar. Olar gadagançylygy bozanlara jerime ýazyljakdygyny duýdurdylar we ýaşaýjylardan bu baradaky duýduryşa gol çekmegi talap etdiler” diýip, sebitdäki habarçymyz belledi.
31-nji dekabrda agşam sagat 8-de kafeler, barlar ýapyldy. Hususy dükanlaryň eýelerinden dükany giçlik sagat 6-da ýapmak talap edildi. Sagat 9-dan soň, şäheriň köçelerine polisiýanyň ulaglary aýlanyp, gözegçiligi güýçlendirdiler. Obalarda hem polisiýanyň gözegçiligi güýçlendi.
Azatlyk ýokarda beýan edilen ýagdaýlar barada Aşgabadyň we Lebabyň Polisiýa müdirliklerinden kommentariý alyp bilmedi.
Türkmen häkimiýetleri möhüm baýramçylyklarda gözegçiligi güýçlendirýärler. Täze ýylyň öňüsyrasynda, ilatyň pirotehniki serişdelerden, emeli partlaýjylardan peýdalanylmagyna garşy wagyz işleri we gözegçilik çäreleri hem ýygjamlaşýar.
Ýöne bu ýyl Türkmenistanda Täze ýyla garşy wagyz işleri, öňki ýyllar bilen deňeşdirilende, has-da güýçlendirildi. Häkimiýetler şu ýyl ýurt boýunça baýramçylyga garşy gadagançylyklaryň birnäçesini güýje girizdiler.
Ýurduň sebitlerinde döwlet edaralarynyň öňünde täze ýyl arçasyny oturtmak däbi çäklendirildi, ozal oturdylan täze ýyl arçalarynyň aglabasy sökülip aýryldy. Mundan ozal, edara-kärhanalaryň tas ählisiniň öňünde täze ýyl arçalary dikilýärdi.
Balkanda Täze ýyl çäresini geçiren bilim işgärleri MHM tarapyndan soraga çekilip, jerime tölemäge mejbur edildi we olara wezipelerinden boşadylmak ähtimallygynyň bardygy duýduryldy.
Resmi media, Aşgabatda Täze ýyla bagyşlanan ençeme çäräniň, konsertleriň, teatr sahnalarynyň gurnalandygyny habar berip, prezidentiň maşgalasynyň baýramçylygy belleýän pursatlaryny görkezdi. Ýöne ýurtda baýramçylyk bilen bagly girizilen gadagançylyklar barada hiç hili maglumat bermedi.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.