Türkmenistanda ilat gaz we elektrik togy üçin üç aý öňünden tölemeli

Türkmenistanda ilat gaz we elektrik togy üçin üç aý öňünden tölemeli

Türkmenbaşyda ilatdan elektrik we gaz üpjünçiligi üçin indi beriljek hyzmatlaryň tölegleri öňünden talap edilýär. Ýerli häkimiýetler ilata kwitansiýalary üç aý öňünden tölemek barada duýduryş berýär.

Şäheriň elektrik we gaz hyzmatlarynyň işgärleri jaýlary aýlanyp, elektrik we gaz üçin öňünden tölemek baradaky täze talap barada ilata habar berýär. Bu barada Azatlygyň habarçysy we Balkan welaýatyndaky çeşmeleri maglumat berýär.

Munuň bilen birlikde bergidarlara jerime salynýar we olaryň elektrik togy kesilýär. 31-nji maýda birnäçe köçede, şol sanda Azady, Puşkin, Orazow we Azatlyk köçelerinde ýerleşýän jaýlarda azyndan 280 öý elektrik üpjünçiliginden kesildi. 100 töweregi jaýyň ýaşaýjylary şol gün bergilerini gyssagly tölediler we elektrik üpjünçiligini dikeltmek üçin ýüz tutdular.

Energiýa üpjünçiligi üçin öňünden tölemek talaby elektrik togunyň yzygiderli öçüp durýan wagty edilýär. Ýurduň hemme ýerinde, şol sanda paýtagtda yssyda ilat uzak wagtlap elektrik toksuz we suwsyz galýar.

"Elektrik togunyň kesilmegi, könelişen transformatorlarda yzygiderli näsazlyklaryň döremegi diňe bir şäherimizde däl, eýsem tutuş ýurtda bolup geçýär. Muňa garamazdan, häkimlik entek ulanylmadyk elektrik togy üçin pul talap edýär. Şol bir wagtyň özünde köçelerdäki çyralar köp ýerlerde 15 ýyl bäri işlemeýär. Şäheriň ýaşaýjylary özleri pul ýygnaýarlar we näsazlyklary düzedýärler "- diýip, şäher ýaşaýjysy gürrüň berdi.

Türkmenistanda soňky birnäçe ýylda elektrik we gaz ýaly kommunal hyzmatlaryň bahasy ep-esli ýokarlandy, emma hili gowulanmady. 2019-njy ýylda ýurduň ýolbaşçylary ilatyň "has gowy ýaşap başlandygyny" aýdyp, gaz, elektrik we suw üpjünçiligi üçin 25 ýyllap berlen ýeňillikleri ýatyrmak kararyna geldi.

Emma şondan soňky birnäçe ýylda ýurduň ilatynyň aglaba böleginiň ýaşaýyş derejesi ep-esli pese gaçdy.Aýlyk haklary, pensiýa we ýeňillikler gijikdirilýär, azyk ýetmezçiligi ýygy-ýygydan ýüze çykýar, işsizlik dowam edýär.

Häzirki wagtda ilat üçin aladaly ýene bir mesele sowadyjylary ulanmak bilen bagly. Howanyň gyzmagy bilen ýagdaý hasam erbetleşýär. Ýaşaýyş jaýlarynyň aýnalarynda kondisionerleri goýmagyň gadaganlygy sebäpli ýaşaýjylar olary binanyň içinde, girelgelerde oturtmaga mejbur bolýarlar. Köpgatly binalaryň ýaşaýjylary üçin girelgelerde we basgançaklarda sowadyjy enjamlaryň bolmagy uly oňaýsyzlygy döredýär.

"Her bir kwartira gatyň umumy giňişliginde diňe bir sowadyjyny oturtmaga rugsat berilýär.Bu oňaýsyzlyk döredýär.Enjamlardan çykýan suw ýere dökülýär, basgançaklar çygly we taýpançak bolýar.Girelgelerde ýakymsyz çygly ys bar.

Split-sistemalardan çykýan gyzgyn howa köçedäki yssa goşulyp, dem alar ýaly bolmaýar.Sowadyjylaryň näsazlygy ýüze çykan halatynda turbalardan akýan freon zäherlenmä sebäp bolýar " diýip, Azatlygyň Türkmenbaşydaky çeşmesi gürrüň berdi.

Habarçylar we garaşsyz media neşirleri ýaşaýyş jaýlaryň içindäki umumy giňişliklerde oturdylan sowadyjylaryň heläkçilikli ýagdaýlara sebäp bolandygy barada birnäçe gezek habar beripdi.

Ýaşaýjylaryň köpüsi, öz sowadyjy enjamlaryny tehniki düzgünlerde göz öňünde tutulyşy ýaly, jaýlarynyň penjirelerine gurmagyň gadagan edilmeginiň sebäplerine düşünmeýärler.

Sowadyjylaryň daş tarapyny köçä däl-de, jaýlaryň içinde oturtmak tejribesi birnäçe ýyl mundan ozal başlandy, ondan ozal türkmen häkimiýetleri uzak wagtlap, şol sanda adatdan daşary yssy möwsüminde ýaşaýyş jaýlarynyň daş tarapynda aýnalarda oturdylan sowadyjylary köpçülikleýin söküp aýyrmak bilen meşgullandy. Emma munuň sebäpleri resmi taýdan düşündirilmedi.

Ýaşaýyş jaýlaryndan sowadyjylaryň köpçülikleýin sökülmegi 2017-nji ýylda güýçlenipdi. Şol döwürde ýerli häkimiýetler bu çäreleri “ýokardan buýruk” we sowadyjylaryň “binalaryň daşky görnüşini zaýalaýar” diýip düşündirdiler.

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Aşgabatda harbylaryň ýaşaýyş jaýlary ünsden düşürilýär, jokrama yssyda split-ulgamlary işlemeýär
Lebabyň hassahanalaryndaky şertler näsaglary alada goýýar
Aşgabadyň käbir etrapçalarynda ýene split-ulgamlary sökülýär
Aşgabatda jaýlardaky split-ulgamlaryny sökmek çäresi ýene güýçlenýär
Tälimçi Daliç Horwatiýanyň gutarnykly düzümini mälim etdi
Aşgabadyň häkimiýetleri ýene-de split-sistemalary aýyrýarlar