Türkmenistanda ikinji dag-magdan zawodyny gurmaga howlugýan ýok. Lukaşenko häzirlikçe dymýar

30-njy iýunda Türkmenistanda Lebap welaýatyndaky Garabil kaliý duzlary ýatagynda kaliý dökünlerini öndürýän zawody proýektirlemek we doly gurup bermek baradaky tenderiň möhleti uzaldyldy. Tender dokumentlerini tabşyrmagyň soňky möhleti 2017-nji ýylyň 17-nji iýuly.

Başda tender 17-nji aprelde yglan edildi we dokumentleri tabşyrmagyň soňky möhleti 26-njy iýunda tamamlanýardy. “Reuters” habar gullugynyň maglumatyna görä, proýetktiň bahasy $1,4 milliarda golaý.

Belarusyň prezidenti Aleksandr Lukaşenko 22-nji aprelde “Türkmenistandaky ikinji dag-magdan baýlaşdyryş zawodynyň gurluşygyny maňa ynanmagy wada berdiler” diýdi.

Emma belarus tarapy 10-njy maýda Türkmenisstanyň Garlykda gurlan dag-magdan baýlaşdyryjy zawodyň gurluşygy üçin entek doly hasaplaşmandygyny yglan etdi.

Ýatladýarys, mart aýynda Türkmenistanda kaliý dökünlerini öndürýän belarus zawody açyldy, onuň bahasy $1 milliard.

Kombinatyň maksimal öndürijilik kuwwaty ýylda 1,4 million tonna döküne barabar.Emma ol häzirki pursatda proýekt kuwwatynyň diňe 7 prosentinde işleýär.

Garlyk dag-magdan baýlaşdyryş kombinatynyň dökünlerini turuwbaşdan Hindisatana we Hytaýa eksport etmek planlaşdyryldy.

Ýene degişli makalalar

Ýewropa ýük daşajak otly Türkmenistanyň çäginden geçer
Belarus prezidenti Aleksandr Lukaşenko Aşgabada geldi
Türkmen kärhanasy täze “MEŞHURAÝ” dokma önümlerini bazara çykarýar
'Aşgabadyň un kombinatynda arassaçylyk mesele bolup durýar'
Guwluduzda şu ýyl 56 müň tonnadan gowrak duz gazylyp alyndy