Ozal habar berşimiz ýaly, Balkan gämi gurluşyk we abatlaýyş zawody açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti bilen Koreýa Respublikasynyň Koryo Shipbuilding Industry Technology Co.Ltd.kompaniýasynyň arasynda ýük göterijiligi 6 müň 100 tonna deň bolan iki sany gury ýük gämisini taslamalaşdyrmak we bilelikde gurmak babatda degişli şertnamalar baglaşyldy. Şu günler bolsa täze gämileriň gurluşygyna girişmek boýunça taýýarlyk işleri alnyp barylýar.
Bu barada Türkmenistan gazetinde habar berildi.
Habarda bellenilişi ýaly, gämileriň gurluşygynda 300-den gowrak işçi-hünärmeniň zähmet çekmegi göz öňünde tutulýar. Ýakynda koreýaly hünärmenler tarapyndan täze suw ulaglarynyň gurluşygynda işlejek ýaş işgärler bilen gurluşygy meýilleşdirmek, tilsimatlary ornaşdyrmak, gämi böleklerini işläp taýýarlamak, kebşirlemek, elektrik işleri, hil gözegçiligi boýunça 2 aý möhletli ýöriteleşdirilen okuw sapaklary geçirilip başlandy.
Gurluşyk işlerine şu ýylyň iýul aýynda başlamak göz öňünde tutulýar.Döwrebap kärhananyň hünärmenleri öňden hereket edýän suw ulaglarynda dürli abatlaýyş işlerini-de ýokary derejede alyp barýarlar.