Türkmenistanda IELTS synaglaryny guramak babatda pikir alyşyldy

Türkmenistanda IELTS synaglaryny guramak babatda pikir alyşyldy

Şu gün Türkmenistanyň Bilim ministrliginde bilim ministriniň orunbasary A.Ataýew bilen Daşkent şäherindäki Beýik Britaniýanyň konsullygynyň müdiri Denisa Woddingemiň ýolbaşçylygyndaky britan wekiliýetiniň arasynda duşuşyk geçirildi. Taraplar bilim ulgamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljegini we ugurlaryny, şol sanda Türkmenistanyň bilim edaralarynda okatmagyň öňdebaryjy usullaryny ornaşdyrmak, iňlis dilindäki maksatnamalary ösdürmek bilen bagly meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Bu barada ministirligiň resmi saýtynda habar berildi.

Habarda bellenilişi ýaly, britan tarapy bu saparyň maksadynyň Türkmenistanyň bilim edaralaryna baryp görmek, ýolbaşçylary we iňlis dili mugallymlary bilen duşuşyklar geçirmek, şeýle hem iňlis dilini okatmagyň häzirki zerurlyklaryny öwrenmekden ybaratdygyny belledi.

Duşuşykda ara alnyp maslahatlaşylan meseleleriň arasynda Türkmenistanda IELTS (bu iňlis dili boýunça bilim derejesini bahalandyrmak üçin döredilen halkara synag ulgamy) synaglaryny guramak babatda hem pikir alyşyldy.IELTS 11 müňden gowrak gurama, şol sanda uniwersitetler, iş berijiler, hökümet we ýörite edaralar tarapyndan netijeleri kabul edilýän dünýäde has ýokary ykrar edilen synaglaryň biridir.

Iki ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda, şol sanda iki diplom maksatnamalar babatda hyzmatdaşlygy ösdürmek meselesinde hem durup geçildi.

Taraplar uzak möhletli hyzmatdaşlygy ösdürmäge we bilim ulgamynda öňdebaryjy tejribe alyşmaga özara gyzyklanmalaryny nygtadylar diýlip, habarda bellenilýär.

Ýene degişli makalalar

Britaniýanyň uniwersitetleri Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga gyzyklanma bildirýärler
Wengriýanyň ýokary okuw mekdeplerine resminamalar kabul edilip başlandy
Hytaý Halk Respublikasynyň ýokary okuw mekdeplerine okamak isleýän ýaşlaryň dykgatyna!
12-nji noýabrda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti
Päk Nesil okuw merkezi tomus möwsüminde arzanladyş hödürleýär
Päk Nesil okuw merkezi ýazky kabul edilşikde arzanladyş yglan edýär