Türkmenistanda azyk önümleriniň bahalary bilen bir hatarda teşneligi gandyryjy we alkogolly içgileriň hem nyrhlary düýpli ýokarlandy.
“Türkmenistanyň Hronikasynyň” habarçylarynyň bellemegine görä, bahalar soňky aýda kesgin ýokarlandy. Eger-de 2017-nji ýylda içgileriň bahalaryna 0,5-1 manatdan goşulyp, kem-kemden gymmatlan bolsa, häzir bahalar bada-bat 2-10 manatdan gymmatlaýar.
Hemme içgiden beter “Koko-kolanyň” bahasy gymmatlady. Owal onuň bir litrlik çüýşesi 3,5 manatdan bolan bolsa, bir aý öň onuň bahasy 10 manada çenli baryp ýetdi, häzir bolsa eýýäm, 16 manat.
“Koko-koladan” soň “Pepsi” içgisiniň gymmatlamagy dowam etdi. Bu içginiň ýarym litrlik çüýşesi 1 manatdan 5 manada çenli gymmatlady.
Ýurt içinde öndürilen içgiler hem görnetin gymmatlaýar:
“Akdaş” çaý içgisi (0,5 l) 2017-nji ýylyň başyndan bäri 1 manatdan 3 manada galdy, ýagny, 200% gymmatlady, bu gymmatlamanyň 100%-i soňky iki aýa degişli.
“Goşa Çynar” içgisi (0,5 l) 1,5-dan 5 manada çenli, ýagny 233% gymmatlady. Esasy gymmatlama 150% bolup, ol soňky iki aýa düşýär.
“Tolkun” öndürijisiniň Gazly içgisi (1,5 l) 1 manatdan 4 manada çenli ýa-da 300% gymmatlady, bu ösüşiň 150%-i soňky iki aýa düşýär.
Suw (1,5 l) 250% gymmatlady. Eger-de 2017-nji ýylda bir çüýşe suw 1 manat bolan bolsa, häzir eýýäm 3,50.
Gazly suw (1,5 l) 300% gymmatlady, 1-den 4 manada galdy.
Alkogolly içgileriň hem bahalary gymmatlaýar:
“Arassa” aragy (0,5 l) 1- manatdan 18 manada çykdy, ýagny 80% gymmatlady.
“Türkmen konýagy” (1 l) 28 manatdan 35 manada çykdy ýa-da 25% gymmatlady.
“Kagor” çakyry (0,7 l) 15 manatdan 25 manada çykdy ýa-da 67% gymmatlady.
“Berk” piwosynyň bir çüýşesi (0,5 l) 6 manatdan 11 manada galdy ýa-da 83% gymmatlady.
“Zip” piwosynyň uly çüýşesi (1,5 l) 9 manatdan 14 manada çykdy ýa-da 56% gymmatlady.
Önüm öndürijiler bahalaryň birden beýle gymmatlamagynyň sebäplerini düşündirmekden boýun gaçyrýarlar. Bu içgileri uly möçberde satyn alýan dükanlaryň we restoranlaryň eýeleri telekeçileriň milli puly walýuta konwertasiýa etmekden doly mahrum edilendiklerini, olara walýutanyň daşary ýurtlardan içgi öndürilende ulanylýan ýakymlaşdyryjylary, konserwantlary we beýleki goşundylary satyn almak, önümçilik liniýalaryna hyzmat etmek üçin zerurdygyny aýdýarlar.