Türkmenistanda hususy süýt önümçiligi artýar

Türkmenistanda hususy süýt önümçiligi artýar

Mary welaýatynyň Baýramaly etrabynyň çäginde ýerleşýän telekeçi Berdimuhammet Çaryýewiň ýolbaşçylyk edýän kärhanasynda “Ak çeşme” haryt nyşany bilen süýt önümleriniň 20-ä golaýy öndürilýär.

“Rysgal” gazetiniň duşenbe güni habar berşi ýaly, bir gektar meýdanda ýerleşýän önümçilik toplumynda Russiýanyň we Hytaýyň ýokary tehnologiýaly enjamlary oturdylandyr. Kärhananyň kuwwatlylygy günde 1600-1800 kilogram süýdi gaýtadan işlemäge niýetlenendir.

Bellenilişi ýaly, önümçilik üçin gerek bolan esasy çig mal sygyr süýdi hususy öndürijilerden alynýar. Taýýar önümler etrabyň çäginde ýerleşýän “Lälezar zaman” hususy kärhanasynda öndürilýän plastik gaplara gaplanylýar.

Şeýle hem telekeçi Merdan Öwezgylyjow ýurdumyzda “Elin” haryt nyşany bilen süýdiň we süýt önümleriniň önümçiligini alyp barýar. “Eliniň” önümçilik bölüminde Ýewropanyň ösen tehnologiýaly enjamlary ornaşdyrylyp, onuň üçin gerek bolan süýt ýerli hojalyklardan satyn alynýar.

Kärhanada gaýmak, gatyk, dorag, süzme, aýran, ýogurt, peýnir ýaly önümleriň 40-dan gowrak görnüşi öndürilýär. Olaryň berhizlik, dürli goşundylar gök otlardyr gök önümler, miweler, gury iýmişler bilen baýlaşdyrylan görnüşlerine-de aýratyn üns berilýär.

Mundan başga-da, Daşoguz welaýatynyň merkezi şäherinde ýerleşýän Şawat açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti “Şawat” haryt nyşanly süýt we süýt önümleri sarpedijileriň arasynda giňden tanalýar. Döwrebap enjamlar ornaşdyrylan önümçilik kärhanasynda gatyk, peýnir, aýran, dorag, süzme, ýogurt ýaly süýt we süýt önümleriniň 20-ä golaý görnüşi öndürilýär.

Şeýle-de ýurdumyzda hususyýetçiler tarapyndan “Gönezlik”, “Sahabatly” hem-de “Süýtli dere” haryt nyşanly süýt we süýt önümleri öndürilýär.

Ýene degişli makalalar

Milli öndürijiler — ykdysadyýetiň daýanjy
Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň döwlete dahylsyz ulgamy: innowasiýalara tarap ugur
17.03.2020 | Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň döwlete dahylsyz ulgamy: innowasiýalara tarap ugur
“Ak durna” süýji suw balyklarynyň 15 tonnalyk malýuskasyny ösdürmäge goýberdi
“Ýüpek ýoly gurluşyk” Daşoguzda iri maldarçylyk fermasyny gurýar
Oba hojalyk önümleriniň möçberi artdyrylýar