Türkmenistanda maý aýynyň dowamynda pesinden 12 sany hususy kärhana ýapyldy, olaryň hemmesi Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşiginiň (TSTB) agzasy bolup durýardy diýip, “Türkmenistanyň Hronikasynyň” çeşmeleri habar berýärler.
Birki ýyl mundan ozal TSTB biznesiň otnositel durnuklylygyny kepillendirýärdi. Emm häzirki ykdysady ýagdaýda Birleşigiň ýolbaşçysy Aleksandr Dadaýewe, onuň üsti bilen hökümet gurluşlaryna ýakynlyk hiç bir peýda getirmeýär.
Soňky wagtda ýurtda ýaşaýyş we ýaşaýyş däl desgalary gurmaga ýöriteleşen firmalaryň aglabasy öz işini bes etdi. Häzir bolsa ýol gurluşygy pudagynda işleýän biznesler ýapylmaga başlady.
Hususy firmalaryň ýapylmagynyň sebäbi diňe iş talaplarynyň bolmazlygy we ozal edilen we tabşyrylan işleriň döwlet töleginiň tölenmezligi hem däl.Mesele şunda, ozal firmalary “ýapmak düzgüninde” saklap bolýardy, ýagny iş bolmadyk halatynda, diýmek girdeji ýok bolmasa, salgyt gulluklaryna berilýän hasabatlarda boş balans tabşyryp bolýardy.
Indi girdeji barmy ýa-da ýok, muňa garaman, Pensiýa fondy hususy firmada hasaba alnan ähli adam üçin aýlyk töleg tölenmegini talap edýär.Bu bolsa, azyndan 10 adam üçin töleg tölenmegini aňladýar.
Onsoň, degişlilikde, firmalar bank hyzmatlary, ätiýaçlyk hyzmatlary üçin hem töleg tölemeli.
Kanun esasyna hasaba alnan kärhänäny ýapmak hem wagt, hem maliýe çykdajylaryny talap edýär. Emma telekeçiler girdejisiz halyňa yzygiderli töleg töläp oturandan şy gün fimarňy ýapmagyň amatlydygyny habar berýärler.