Türkmenistanda howanyň derejesi ýenede iň ýokary derejä ýetdi

Türkmenistanda howanyň derejesi ýenede iň ýokary derejä ýetdi

8-nji awgustda Aşgabatda howanyň gyzgynlygy 43 derejä ýetip, günüň iň ýokary derejesine deň boldy diýip “Meteožurnal” habar berýär.

Ýurtda iň ýokary yssy howa Balkan welaýatynyň Bereket (owalky Gazanjyk) şäherinde bellik edilip, 45,2 derejä ýetdi.

Şonuň ýalyda, yssy howa ýurdyň beýleki oba-şäherileri- Serdarda (öňki Gyzylarbat) 44,8, Bäherdende 43,8, Çagylda 43,4, Ýerbent we Ýekejede 44,2 dereje yssy boldy.

Adatça, has salkyn howa bolan Hazaryň kenaryndaky Türkmenbaşyda (öňki Krasnowodskide) howa ölçeýji 43,5 derejäni görkezdi.

Ýurdyň beýleki sebitleriniň aglabasynda yssy howa 41-43 derejesinde boldy diýip neşir ýazýar.

Mundan öň çap edilen maglumatlara görä, Türkmenistanda awgust aýynda howanyň gyzgynlygy kadadan 1-1,5 dereje ýokary bolar.

Bellesek, prezidentiň tabşyrygyndan soňra, türkmen mediasy yzygiderli ýagdaýda howa maglumatlaryny çap edýärler.The post Türkmenistanda howanyň derejesi ýenede iň ýokary derejä ýetdi first appeared on Türkmenistanyň Hronikasy.

Ýene degişli makalalar

Gyzyllara garşy duran gozgalaňçylaryň Garagumda 'gömlen' kyssasy
Okyjy: Türkmenistan döwleti 99 ýaşady
Hazaryň suwy çekilýär, Aşgabadyň daşky gurşaw aladalary artýar
Türkmenistanyň ýaşaýjylarynyň suw (indi tölegli) problemalary dowam edýär
Uzak aralyga gatnaýan awtobuslaryň 'gaty utandyrýan' kemçiligi bar