Türkmenistanda howa öňümizdäki üç günüň dowamynda ýene garly we aýazly bolar

Türkmenistanda howa öňümizdäki üç günüň dowamynda ýene garly we aýazly bolar

Bahar ýaly yssy günlerden soň, şu anna gününe çenli tutuş ýurt boýunça howanyň üýtgemegine garaşylýar. Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň maglumatlary muny subut edýär.

Ertir günortan howanyň temperaturasy +12° bolsa-da, 21-nji ýanwarda günortan Aşgabat, Ahal, Balkan we Daşoguz welaýatlarynda 0°-dan -3°-e çenli sowuk howanyň bolmagyna we gar gatyşykly ýagşyň ýagmagyna garaşylýar.

Şemalyň ugry demirgazyk-günbatara durnukly bolar. Gijelerine ýagyş derejesiniň käbir ýerlerde 90 göterime çenli bolmagyna garaşylýar.

Lebap we Mary welaýatlarynda, günortan +19° ... +20° yssy howa bolar. Ýöne, 22-nji ýanwarda ýurdumyzyň hemme ýerine diýen ýaly aýaz gelýär: gündizine howanyň günortan -2°-dan gijesine -6°-a çenli durnukly bolmagyna garaşylýar.

Şonuň üçin raýatlara işe we okuwa gidenlerinde öňünden taýyn bolmaklaryny, seresaplylyk bilen hereket etmeklerini ýatladýarys. Çünki, şu anna gününe çenli howa beýle bir aýazly bolmasa-da, şemally sowugy bolar.

Raýatlaryň hemmesine jan saglyk!

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanda öňümizdäki hepdäniň ýagynsyz bolmagyna garaşylýar
Maryda ýene güýçli tozanly ýel turdy
Maýottada deňiz harasaty sebäpli 14 adam heläk boldy
Türkmenistanda hepdäniň ahyrynda garyň ýagmagyna garaşylýar
Ýangyjy nädip tygşytlamaly?
Asmandaky pamyklar