Türkmenistanda howa birden sowap, sürçek ýollarda heläkçilikli hadysalar köpeldi

Türkmenistanda howa birden sowap, sürçek ýollarda heläkçilikli hadysalar köpeldi

Hepde dowamynda +20 derejesinde bolan maýyl howa gar ýagyp, howa birden -4 gradusa çenli aşaklady diýip, Azatlygyň habarçysy 10-njy fewralda habar berdi.

Balkanabat, Gyzylarbat, Bereket, Magtymguly etraplarynda 5-nji gün giçlik aralaşan sowuk howa, gar ýagmagy bilen, 6-njy günüň günortanyna, 13:30 minuda çenli dowam etdi, howanyň birden gaty sowamagy netijesinde ýagan gar buza öwrülip, Türkmenbaşy-Aşgabat magistralynda düýn gije we şu günüň dowamynda 20-den gowrak ýol, ulag hadysasy boldy diýip, habarçymyz ýaýar.

Onuň tassyklamagyna görä, 6-njy gün hasaba alnan ulag hadysalarynyň iki sanysy has agyr bolup, 5 adamyň heläk bolmagyna getirdi.

Sürüjilere salgylanan habarçy düýnden bäri Aşgabada gatnaýan taksileriň tizligi gaty peseldip, 20 sagada golaý ýolda, örän haýal we seresaplylyk bilen hereket edýändiklerini aýtdy.

“Ýol gaty sürçek, gar, tejribesiz, buzly ýolda ulag sürüp görmedik sürüjiler, ulag tekerleriniň hem gyş paslynda gabat gelmezligi ýol, ulog hadysalarynyň köp bolmagyna getirdi” diýip, ýerli hünärmen Azatlygyň habarçysyna aýtdy.

Onuň sözlerine görä, häkimiýetler ýol hadysalaryny hasaba alsalar-da, ilata bu ýagdaý barada açyk maglumat bermeýärler.

Şeýle-de, habarçymyz Daşoguz sebitinde hem howanyň gaty sowandygyny habar berdi.

“Gar ýagmady, ýöne -18 gradusa sowuk howa saklanyp galýar, Boldumsaz, Ruhybelent, S.Türkmenbaşy, Akdepe etraplarynda ilatyň tebigy gaz we suw üpjünçilik meselesi agyrlaşdy, 6-njy gün mekdeplere okuwçylaryň tas 70 göterimi gelmedi, çagalar sowuk klaslarda sowuklamak islemeýärler” diýip, habarçy ýerli çeşmä salgylanyp aýtdy.

Türkmen häkimiýetleri tebigy hadysalar, şol sanda sowuk howa, sürçek, buzly ýollar sebäpli ýüze çykýan heläkçilikli hadysalar barada ilata habar bermeýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Aşgabatda, welaýatlarda güýçli gar elektrik üpjünçiligine we ýol hereketine täsir etdi
Dalaşgärleriň dykgatyna!
Garaşylýan sapar ýoly ýapdy, prezidentiň Daşoguzda dikuçar ulanmagyna garaşylmaýar
'Dem alyp bolmady!' Daşoguzda duzly tupan turdy
Prezident birnäçe etraplaryň häkimlerine täze orunbasarlary belledi
Etniki azlyklaryň çagalarynyň ene dilinde okadylmagy baradaky haýyşlary ýene diňlenmedi